HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ärdogan Türkiýäniň wise-prezidentini we 15 ministri çalyşdy

Iýun 04, 2023 | 01:28 |9055
Şenbe güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Jewdet Ýylmazy
respublikanyň wise-prezidenti wezipesine belledi. Ozal Ýylmaz prezidentiň ýolbaşçylyk
edýän Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bolup işledi. Wise-prezident
wezipesi ilkinji gezek 2018-nji ýylda Türkiýede hökümet görnüşiniň üýtgemeginden
soň ýüze çykdy we bu wezipäni ilkinji bolup Fuat Oktaý eýeledi.Şenbe güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Jewdet Ýylmazy
respublikanyň wise-prezidenti wezipesine belledi. Ozal Ýylmaz prezidentiň ýolbaşçylyk
edýän Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bolup işledi. Wise-prezident
wezipesi ilkinji gezek 2018-nji ýylda Türkiýede hökümet görnüşiniň üýtgemeginden
soň ýüze çykdy we bu wezipäni ilkinji bolup Fuat Oktaý eýeledi.
Çeşme: tccb.gov.tr

Şenbe güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Jewdet Ýylmazy respublikanyň wise-prezidenti wezipesine belledi. Ozal Ýylmaz prezidentiň ýolbaşçylyk edýän Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bolup işledi. Wise-prezident wezipesi ilkinji gezek 2018-nji ýylda Türkiýede hökümet görnüşiniň üýtgemeginden soň ýüze çykdy we bu wezipäni ilkinji bolup Fuat Oktaý eýeledi.

Şeýle hem Ärdogan Ministrler Kabinetiniň täze düzüminde 17 ministriň ikisinden galanlarynyň ählisini çalyşdy. Ol Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja we Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý. TASS-yň habar bermegine görä, olar bu wezipelerde 2018-nji ýylyň iýul aýyndan bäri işleýärler.

Ärdogan respublikanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini yglan edende, Milli aňtaw edarasynyň başlygy Hakan Fidanyň Türkiýäniň täze hökümetinde Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirjekdigini mälim etdi, ozal 2014-nji ýyldan bäri bu wezipäni Mewlýut Çawuşoglu eýeleýärdi.

Türkiýäniň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Ýaşar Güler Goranmak ministrligine ýolbaşçylyk eder. Ol 2018-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Baş ştabyň başlygy wezipesini ýerine ýetirýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetiren Hulusi Akar hem ozal Baş ştabyň ýolbaşçysy bolupdy.

Ozalky wise-premýer Mehmet Şimşek ikinji gezek Türkiýäniň Maliýe ministri wezipesini eýeledi. Şimşek 2007-2009-njy ýyllarda Döwlet Ykdysadyýet ministri bolup işledi, 2009-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli Maliýe ministrligine ýolbaşçylyk etdi. Şondan soň ol işjeň dolandyryş işinden çekildi. Häzirki saýlawlardan öň Ärdogan Şimşek bilen birnäçe gezek duşuşdy.

Stambul welaýatynyň gubernatory Ali Ýerlikaýa Içeri işler ministri wezipesine geçmek bilen, Türkiýäniň täze hökümet düzümine girdi. Ýerlikaya 2018-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Stambulyň häkimi bolup işledi. Ýurduň

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026