HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yslamabatda Türkmen ilçihanasynyň howandarlygynda uly welosiped çäresi geçirildi

Iýun 04, 2023 | 00:10 |11393
Şenbe güni Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy Yslamabatda dürli gatlakdaky
adamlary işjeň durmuş ýörelgesini we ekologiýa taýdan arassa çemeleşmeleri
wagyz etmek arkaly welosiped sürmäge has köp üns bermäge höweslendirmek
üçin uly ýaryş gurady.Şenbe güni Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy Yslamabatda dürli gatlakdaky
adamlary işjeň durmuş ýörelgesini we ekologiýa taýdan arassa çemeleşmeleri
wagyz etmek arkaly welosiped sürmäge has köp üns bermäge höweslendirmek
üçin uly ýaryş gurady.
Çeşme: islamabadpost.com

Şenbe güni Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy Yslamabatda dürli gatlakdaky adamlary işjeň durmuş ýörelgesini we ekologiýa taýdan arassa çemeleşmeleri wagyz etmek arkaly welosiped sürmäge has köp üns bermäge höweslendirmek üçin uly ýaryş gurady.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen dabaraly çärä diplomatik jemgyýetiň wekilleri, korporatiw we metbugat işgärleri gatnaşdy. Bu çäräni ýerli myhmanhana Serena we welosiped bilen üpjün edýän Tabani kompaniýalar topary goldady diýip Islamabad Post ýazýar.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite sekretary Sirus Sajjad Kazi esasy myhman boldy. Ol çärede çykyş edip, türkmen ilçihanasyna welosiped sürmegi gurnandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan hökümetiniň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi uglerod yzy we ses hapalanmagnyň azalmagyna ýardam etjek sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek baradaky rezolýusiýasyny kabul etmekdäki başlangyjyna ýokary baha berdi. Onuň pikiriçe, welosiped sürmegi netijeli ulag usuly hökmünde wagyz etmek üçin şular ýaly çäreler ýygy-ýygydan guralmalydyr.

imgpsh_fullsize_anim (24).jpg

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi we diplomatik korpusyň duaýeni Atajan Mowlamow öz çykyşynda Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesini we ekologiýa taýdan arassa ulag usullaryny öňe sürýändigini, bu mahabatyň köp durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine gönüden-göni goşant goşýandygyny belledi. Welosipediň durnukly ösüş üçin guraldygy we durnukly sarp edilişini hem-de önümçiligini, şeýle hem howanyň oňyn täsirini ýetirýän oňyn habaryň bardygy nygtaldy.

Türkmenistan ösüş we parahatçylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleýär. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş meýilnamasyny kabul eden we sebitde 2016-njy ýylda Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdiren ilkinji ýurtlaryň biri boldy diýip, ilçi öz gezeginde belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026