HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Minskdäki türkmen diplomatlary we talyplary Bütindünýä welosiped gününi welosipedli ýöriş bilen belläp geçdiler

Iýun 03, 2023 | 21:54 |7507
Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipelid ýöriş şenbe güni
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.
Diplomatlar Minsk şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplaryny
hem bu çärä gatnaşmaga çagyrdylar.Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipelid ýöriş şenbe güni
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.
Diplomatlar Minsk şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplaryny
hem bu çärä gatnaşmaga çagyrdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipelid ýöriş şenbe güni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy. Diplomatlar Minsk şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplaryny hem bu çärä gatnaşmaga çagyrdylar.

Çäre belarus paýtagtynyň köli we welosiped ýodalary bilen gür baglyga bürenip oturan iň owadan künjekleriniň biri bolan ajaýyp şäher seýilgähinde geçirildi.

imgpsh_fullsize_anim (7).jpg

Ýöriş başlamazdan ozal, uly bolmadyk dabaraly çäre geçirildi, bu ýerde Bütindünýä welosiped gününiň ýurtlary we halklary birleşdirýän, parahatçylyk we raýdaşlyk, ruhy we beden saglygy ýaly dowamly gymmatlyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän baýramçylykdygy bellenilip geçildi. Ol parahatçylygyň habarçysy hökmünde sporty ösdürmek we ýaýratmak, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy ruhy we beden saglygyny berkitmek, şeýle hem jemgyýetde welosiped sürmek medeniýetini ösdürmek serişdesi hökmünde Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäginde milli we ýerli derejede welosipedli ýörişleri guramak başlangyçlaryny goldady.

03062023minsknorzi.jpg

Şeýle hem welosipediň jemgyýetçilik ulag serişdeleri bilen deňeşdirilende, birnäçe artykmaçlygynyň bardygy bellendi. Bu daşky gurşawa zyýansyz we tygşytly - iki tigirli ulag daşky gurşawy hapalamaýar. Ýol peketlerini satyn almak we ýangyç bekedinde nobata durmak zerurlygy ýok. Bu hereketiň tizligi we amatlylyk: şäherdäki islendik dyknyşyklardan aýlanyp, täze gyzykly ýerleri açyp, iň amatly ugur boýunça hereket etmek mümkin. Bu - saglyk, sebäbi tigir sürmek goşmaça kaloriýalary ýakmagyň, myşsalary we bedeni berkitmegiň netijeli usulydyr, şol bir wagtyň özünde welosipedli gezelenç daşymyzy gurşap alan gözelliklere syn edip, lezzet almaga hem mümkinçilik döredýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026