HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewraziýa ösüş banky MA-daky suw-energetika pudagynda taslamalary amala aşyrmagy meýilleşdirýär

Iýun 05, 2023 | 16:09 |6516
Şanhaýdaky Täze ösüş bankynyň (TÖB) her ýylky geçirilýän 8-nji ýygnagynda Ýewraziýanyň ösüş bankynyň Müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Podguzow köptaraply institutlara Merkezi Aziýada döwlet-hususy hyzmatdaşlygy (DHH) formatyndaky serhetara taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu barada bankyň resmi saýtynda habar berilýär.Şanhaýdaky Täze ösüş bankynyň (TÖB) her ýylky geçirilýän 8-nji ýygnagynda Ýewraziýanyň ösüş bankynyň Müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Podguzow köptaraply institutlara Merkezi Aziýada döwlet-hususy hyzmatdaşlygy (DHH) formatyndaky serhetara taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu barada bankyň resmi saýtynda habar berilýär.
Çeşme: e-cis.info

Şanhaýdaky Täze ösüş bankynyň (TÖB) her ýylky geçirilýän 8-nji ýygnagynda Ýewraziýanyň ösüş bankynyň Müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Podguzow köptaraply institutlara Merkezi Aziýada döwlet-hususy hyzmatdaşlygy (DHH) formatyndaky serhetara taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu barada bankyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Bu çylşyrymly iş. Munuň ýaly taslamalar uzak möhletli maýany köp talap edýär we işjeň halkara hyzmatdaşlygyny talap edýär. Bize mälim bolşy ýaly, bütin dünýä boýunça 18 serhetara DHH taslamasy tamamlandy – esasan-da ulag, suw-energetika toplumynda we telekommunikasiýada» - diýip, Ýewraziýa ösüş bankynyň Müdiriýetiniň başlygy bankyň şuňa meňzeş taslamalary beýleki ösüş institutlary bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny bildirmek bilen, aýtdy.

Serhetara infrastrukturasynyň üstünlikli ösüşini we Ýewraziýada daşary ýurt DHH ýerine ýetimegiň netijeli dolandyryşyny üpjün etmek üçin Ýewraziýa ösüş banky degişli görkezmeleri işläp düzdi.

Amala aşyrmak üçin ilkinji taslama Merkezi Aziýanyň suw-energetika toplumyndaky başlangyçlar bolup biler.

«Häzir Merkezi Aziýada mümkinçilikleriň penjiresi açyk diýip men pikir edýärin. Sebitde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeňleşdi. Gyrgyzystan, Özbegistan we Gazagystan Kambar-Ata GES-1 bilelikdäki gurluşygynyň mümkinçiligine garaýarlar. Biz bu taslamanyň bir bölegi bolmaga umyt edýäris» – diýip, Podguzow belledi.

Merkezi Aziýada suwarmagyň döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we suwaryş ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy gidroenergetiki desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda suwdan peýdalanmagyň netijeliligini 40% ýokarlandyrar we oba hojalyk önümçiliginiň howpsuzlygyny üpjün eder.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026