HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmenistanda bilim boýunça kiçi-ýarmarka geçirerler

Iýun 03, 2023 | 12:27 |11863
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamak isleýänler üçin ajaýyp mümkinçilik döredi. 9-njy we 16-njy iýunda Aşgabatda bilim boýunça kiçi-ýarmarka geçiriler, onuň çäklerinde Amerikanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri türkmenistanlylary ummanyň aňyrsyndaky bilim ulgamy, ýüz tutmalary tabşyrmagyň tertibi, şeýle hem daşary ýurtly dalaşgärler üçin stipendiýalar bilen tanyşdyrarlar.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamak isleýänler üçin ajaýyp mümkinçilik döredi. 9-njy we 16-njy iýunda Aşgabatda bilim boýunça kiçi-ýarmarka geçiriler, onuň çäklerinde Amerikanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri türkmenistanlylary ummanyň aňyrsyndaky bilim ulgamy, ýüz tutmalary tabşyrmagyň tertibi, şeýle hem daşary ýurtly dalaşgärler üçin stipendiýalar bilen tanyşdyrarlar.
Çeşme: instagram.com / @educationusa_turkmenistan

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamak isleýänler üçin ajaýyp mümkinçilik döredi. 9-njy we 16-njy iýunda Aşgabatda bilim boýunça kiçi-ýarmarka geçiriler, onuň çäklerinde Amerikanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri türkmenistanlylary ummanyň aňyrsyndaky bilim ulgamy, ýüz tutmalary tabşyrmagyň tertibi, şeýle hem daşary ýurtly dalaşgärler üçin stipendiýalar bilen tanyşdyrarlar.

Türkmenistana Kent döwlet uniwersitetinden (Kent State University) we Montana Billings ştatyndaky uniwersitetden (Montana State University Billings) wekiliýetler geler.

Sessiýalar Aşgabatdaky Amerikan geňeşiniň binasynda şu salgyda geçiriler: Görogly köçesi, 48 A. Isleg bildirýänler ýokarda ady agzalan uniwersitetleriň wekilleri bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp bilerler we özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip bilerler.

Montana ştatynyň Billingsdäki döwlet uniwersiteti ululygy boýunça ştatyň üçünji uniwersitetidir. Häzirki wagtda uniwersitet özüniň bäş kollejinde şahadatnamalary almak, kiçi hünärmen derejesini, bakalawr we magistr derejesini almak üçin 100-den gowrak ýöriteleşdirilen maksatnamalary teklip edýär.

Kent döwlet uniwersiteti dereje almak üçin 300-den gowrak maksatnamany hödürleýär, olaryň arasynda 250 bakalawriat maksatnamasy, 40 assosirlenen, 50 magistrlik we 23 doktorlyk okuw maksatnamasy bar. Olar şepagat uýalarynyň/doganlarynyň işini, işewürligi, taryhy, kitaphana işini, aeronawtikany, žurnalistikany öz içine alýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026