Türkmen Medeniýet institutynyň talyplary Daşkentde türk dünýäsiniň talyp teatrlary festiwalyna gatnaşdy


Türk dünýäsiniň halkara talyp teatrlary festiwaly ilkinji gezek Daşkentde geçirildi. Özbek meýdançasynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyp teatrlary öz sahnalaryny görkezdiler. Taslama Türki Medeniýetiň Halkara Guramasy TÜRKSOÝ we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň kömegi bilen gurnaldy diýip, Kabar agentligi habar berýär.

Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň talyplary festiwal maksatnamasynda ýazyjy Juma Hudaýgulyýewiň «Şöhleli hatyn» eseri esasynda «Oguz rowaýaty» sahnasy bilen çykyş etdi. Spektakl, teatr sungaty fakultetiniň talyby, režisýorlyk esaslaryny öwrenýän Taňryberdi Ataýewiň diplom işi.
Türkmen Medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby Ibragim Durdyýew «Ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi» nominasiýasynda baýrak aldy. Esasy «Iň gowy sahna» nominasiýasynda bolsa, Gazagystanyň Temirbek Žurgenow adyndaky Çeperçilik akademiýasynyň «Psihoz» oýny ýeňiji boldy.

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş sekretary Soltan Raýewiň pikiriçe, talyplar festiwaly diňe bir teatr platformasy bolman, eýsem teatryň geljegini birleşdirýän, özara täsirleşmek, döredijilikli aragatnaşyk, ýaş döredijilik güýçleriniň özara garaýyşlary we pikirleri üçin ajaýyp platforma döredýän bilim işiň täze görnüşidir. Zehinli ýaşlara goldaw bermek we döredijilik mümkinçilikleriniň dikeldilmegi çäräniň esasy wezipesidir. TÜRKSOÝ-nyň täze taslamalary seslenme tapyp başlady - festiwalda iň gowy oýunlar, iň gowy keşpler kesgitlenildi, festiwalyň esasy ýeňşi dostluk we döredijilik gözlegi boldy diýip, Raýew nygtady.
Ýaş aktýorlar ara alyp maslahatlaşmalara, çekişmelere, ussatlyk sapaklaryna, döredijilik barlaghanalaryna we täze kitaplaryň tanyşdyrylyşyna gatnaşdylar. Festiwalyň çäginde döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bilim işini we özara alyş-çalyş maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news








