HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Parižde medeni gymmatlyklary goramak baradaky ýygnaga gatnaşdy

Maý 31, 2023 | 19:54 |5461
Medeni gymmatlyklaryň bikanun importyny, eksportyny we eýeçilik
hukugynyň geçirilmegini gadagan etmäge we öňüni almaga
gönükdirilen çäreler baradaky 1970-nji ýyldaky konwensiýanyň
gatnaşyjy döwletleriniň ýedinji mejlisi 30-njy maýda ÝUNESKO-nyň
Pariždäki baş edarasynda geçirildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky
hemişelik wekili Maksat Çaryýew forumda Türkmenistana wekilçilik
etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar
berýär.Medeni gymmatlyklaryň bikanun importyny, eksportyny we eýeçilik
hukugynyň geçirilmegini gadagan etmäge we öňüni almaga
gönükdirilen çäreler baradaky 1970-nji ýyldaky konwensiýanyň
gatnaşyjy döwletleriniň ýedinji mejlisi 30-njy maýda ÝUNESKO-nyň
Pariždäki baş edarasynda geçirildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky
hemişelik wekili Maksat Çaryýew forumda Türkmenistana wekilçilik
etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar
berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Medeni gymmatlyklaryň bikanun importyny, eksportyny we eýeçilik hukugynyň geçirilmegini gadagan etmäge we öňüni almaga gönükdirilen çäreler baradaky 1970-nji ýyldaky konwensiýanyň gatnaşyjy döwletleriniň ýedinji mejlisi 30-njy maýda ÝUNESKO-nyň Pariždäki baş edarasynda geçirildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Maksat Çaryýew forumda Türkmenistana wekilçilik etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

1970-nji ýyldaky konwensiýa medeni mirasy bikanun söwdadan we dolanşygyndan goramaga gönükdirilen halkara şertnamadyr. Ol medeni eserleriň ogurlanmagynyň we söwdasynyň öňüni almak üçin görkezmeleri we düzgünleri kesgitleýär.

imgpsh_fullsize_anim (18).jpg

Sessiýanyň açylyşynda ÝUNESKO-nyň Medeniýet boýunça baş direktorynyň orunbasary Ernesto Ottone Ramirez, konwensiýanyň täze agzalaryny - Türkmenistan we Malawi Respublikasyny garşy aldy we gutlady. Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ÝUNESKO-nyň bu konwensiýasyna goşulandygy bellärliklidir.

Maksat Çaryýew çykyşynda Türkmenistanyň diňe bir ajaýyp taryhyny we özboluşlylygyny görkezmän, eýsem dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigini görkezýän baý taryha we medeni mirasa eýedigini belledi.

imgpsh_fullsize_anim (19).jpg

Diplomat, Konwensiýanyň işiniň çäginde Türkmenistanyň diňe bir bu gymmatlyklary goramaga däl-de, eýsem olaryň ýaýramagyna hem goldaw bermäge çalyşýandygyny nygtady. Ilçi, konwensiýanyň doly agzasy hökmünde beýleki agza döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy, medeni mirasy gorap saklamak babatynda yzygiderli bilim we tejribe alyşmagy öz üstüne alýandygyny aýtdy.

Pariž mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem, gatnaşyjy döwletleriň mejlisiniň kömekçi komiteti üçin saýlawlar geçirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026