HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Nebit ministri Türkmenistan bilen gaz şertnamasyny yglan etdi

Maý 31, 2023 | 01:14 |8116
Eýranyň Nebit ministri Jawad Oji ýakyn wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň
arasynda gaz şertnamasyna gol çekiljekdigini, şertnama laýyklykda Eýranyň iýun
aýynda Türkmenistandan her gije-gündizde 10 million kub metr gaz import edip
başlajakdygyny aýtdy. "Isna" habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, bu barada
ministr "Türkmengaz" DK-niň baştutany Batyr Amanow bilen duşuşygyň çäginde
žurnalistlere habar berdi.Eýranyň Nebit ministri Jawad Oji ýakyn wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň
arasynda gaz şertnamasyna gol çekiljekdigini, şertnama laýyklykda Eýranyň iýun
aýynda Türkmenistandan her gije-gündizde 10 million kub metr gaz import edip
başlajakdygyny aýtdy. "Isna" habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, bu barada
ministr "Türkmengaz" DK-niň baştutany Batyr Amanow bilen duşuşygyň çäginde
žurnalistlere habar berdi.
Çeşme: shana.ir

Eýranyň Nebit ministri Jawad Oji ýakyn wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz şertnamasyna gol çekiljekdigini, şertnama laýyklykda Eýranyň iýun aýynda Türkmenistandan her gije-gündizde 10 million kub metr gaz import edip başlajakdygyny aýtdy. "Isna" habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, bu barada ministr "Türkmengaz" DK-niň baştutany Batyr Amanow bilen duşuşygyň çäginde žurnalistlere habar berdi.

Häzirki hereket edýän alyş-çalyş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistan Eýrana gaz iberýär, şondan soň Eýran Azerbaýjana şonça möçberdäki mawy ýangyjy eksport edýär.

– Türkmenistan gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji ýurtdyr, Eýranyň bolsa öz ýurdunyň çäginde import we daşama üçin her gije-gündizde 40-50 million kub metr gazy kabul etmäge mümkinçiligi bar, bu iki ýurt üçin hem bähbitlidir – diýip, Oji belledi.

Nebit ministri Eýranyň gaz importy üçin Türkmenistana “köne” bergisi barada durup geçip, öňki hökümete degişli 1,650 million dollarlyk berginiň 13-nji hökümet tarapyndan Eýranyň Merkezi Bankynyň gatnaşmagynda doly tölenendigini aýtdy. Bu mesele iki ýurduň arasynda energiýa pudagynda esasy meseleleriň biri bolupdy.

Şeýle hem, ol sişenbe güni türkmen tarapy bilen nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça geçirilen gepleşiklerde tehniki we inženerçilik hyzmatlaryny eksport etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.

Ojiniň pikiriçe, şu ýyl Eýranda gaz önümçiliginiň 30-40 million kub metr artmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026