HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Buharadaky meşhur medrese ýene-de russiýaly talyplary kabul eder

Maý 30, 2023 | 23:23 |10232
Özbegistanyň Buhara şäherinde ýerleşýän Mir-Arab medresesi 32 ýyllyk
arakesmeden soň russiýaly talyplary okuwa kabul edip başlar. Sowet döwründe
Russiýanyň musulman dini işgärleriniň köpüsi bu ylahyýet mekdebinde bilim aldy -
diýip, Russiýanyň Musulmanlarynyň ruhy mejlisiniň müftüleriniň başlygy Albir
Krganow gürrüň berdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.Özbegistanyň Buhara şäherinde ýerleşýän Mir-Arab medresesi 32 ýyllyk
arakesmeden soň russiýaly talyplary okuwa kabul edip başlar. Sowet döwründe
Russiýanyň musulman dini işgärleriniň köpüsi bu ylahyýet mekdebinde bilim aldy -
diýip, Russiýanyň Musulmanlarynyň ruhy mejlisiniň müftüleriniň başlygy Albir
Krganow gürrüň berdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme: bookatour.me

Özbegistanyň Buhara şäherinde ýerleşýän Mir-Arab medresesi 32 ýyllyk arakesmeden soň russiýaly talyplary okuwa kabul edip başlar. Sowet döwründe Russiýanyň musulman dini işgärleriniň köpüsi bu ylahyýet mekdebinde bilim aldy - diýip, Russiýanyň Musulmanlarynyň ruhy mejlisiniň müftüleriniň başlygy Albir Krganow gürrüň berdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Russiýaly talyplaryň Mir-Arapda okamak mümkinçiligi Özbegistanyň Ýokary müftüsi, Musulmanlar müdirliginiň başlygy Nuriddin Haliknazarow bilen ylalaşyldy. Häzirki wagtda bu taryhy ylym ojagynda çuwaşiýaly talyplar bilim alýar. Ýigitler Kazandaky "Muhammadiýa" medresesinde başlangyç bilim aldylar. Olar Buharada okuw şertleri bilen tanyşdylar we söhbetdeşlik geçdiler - diýip, Krganow aýtdy.

Mir-Arab Medresi Buharada ýerleşýän özbek Şibanidler dinastiýasynyň hökümdarlyk eden döwründe döredilen XVI asyryň yslam bilim, ruhy we ýadygärlik dini binasydyr. Ol Buhara hanlygynyň iri dini merkezleriniň biri bolupdyr. 1920-nji ýylda medrese ýapylyp, 1946-njy ýylda gaýtadan açylýar. Mir-Arab 1989-njy ýyla çenli SSSR-iň çäginde hereket eden eke-täk medrese bolupdyr.

Albir Krganow Russiýanyň häzirki müftileri – RF-iň dini müdirlikleriniň ýolbaşçylary Talgat Täjuddiniň, Rawil Gaýnutdiniň, Ysmaýyl Berdiýewiň, Russiýanyň Gahrymany Ahmat Kadyrowyň we başga-da dini wekilleriň birnäçesiniň Mir-Arabda bilim alandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026