Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly hakyndaky filmi görkezdiler


Ýerewanda Ermenistanyň Kino işgärleriniň birleşmesiniň Kino öýünde Magtymguly Pyragynyň ömri hakyndaky režissýor Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin» filmini Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde görkezdiler.
Çäre başlanmazdan ozal Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmyrat Hanmämmedow myhmanlary filmiň sýužeti bilen tanyşdyrdy, filmde şahyryň ömrüniň hakyky wakalarynyň nähili açylyp görkezilýändigi barada gürrüň berdi.
Ozal ýaş türkmen režissýorynyň filmini «Ýüpek ýolunyň dürdänesi» XIV Daşkent halkara kinofestiwalynda geçen ýylyň sentýabrynda görkezipdiler. Şonda ol eminler tarapyndan oňyn seslenme alypdy.
Magtymgulynyň döredijilik mirasyny Ýerewan döwlet uniwersitetinde geçen ylmy maslahatda ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň alymlary türkmen şahyrynyň eserlerini öwrenmek we meşhur etmek boýunça işleriň netijelerini görkezdiler, Magtymgulynyň 300 ýyllygyny baýram etmek boýunça Türkmenistanda we daşary ýurtlarda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
Maslahatyň barşynda türkmen şahyrynyň şahyr-terjimeçi Waružan Hastur tarapyndan ermeni diline terjime edilen goşgulary okaldy. Medeniýet günleriniň çäklerinde Owanes Şarambeýan adyndaky Amaly sungat muzeýinde hem Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy.
ORIENT habarlar








