Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistanda Merkezi Aziýada ilkinji mawy ammiak zawodyny gurlar

Iýun 01, 2023 | 21:30 |12573
Mawy ammiak öndürýän Merkezi Aziýa boýunça ilkinji zawod Günorta Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda gurlar. Ylalaşyga gol çekişlik ýylyň ahyryna çenli amala aşyrylmagyna, gurluşygyň bolsa indiki ýylyň ikinji ýarymyndan gijä galman başlamagyna garaşylýar diýip, «The Korea Herald» ýazýar.Mawy ammiak öndürýän Merkezi Aziýa boýunça ilkinji zawod Günorta Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda gurlar. Ylalaşyga gol çekişlik ýylyň ahyryna çenli amala aşyrylmagyna, gurluşygyň bolsa indiki ýylyň ikinji ýarymyndan gijä galman başlamagyna garaşylýar diýip, «The Korea Herald» ýazýar.
Çeşme: rupec.ru

Mawy ammiak öndürýän Merkezi Aziýa boýunça ilkinji zawod Günorta Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda gurlar. Ylalaşyga gol çekişlik ýylyň ahyryna çenli amala aşyrylmagyna, gurluşygyň bolsa indiki ýylyň ikinji ýarymyndan gijä galman başlamagyna garaşylýar diýip, «The Korea Herald» ýazýar.

Zawod Balkan welaýatynda ýerleşer. Ol mawy ammiakdan emele gelen karbamid-ammiak dökünlerini öndürer we ekologiýa taýdan arassa «önümleri» Ýewropa eksport etmek üçin giň mümkinçilikler döreder.

Koreýa neşiri «Daewoo E&C»-iň metbugat sekretarynyň sözlerine salgylanyp, kompaniýanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin mümkinçilik gözlejekdigini aýtdy. «Biz Marokkoda, Nigeriýada we Alžirde dökün öndürýän zawodlaryny gurmak tejribämize esaslanyp, ýurduň mümkinçiligini iň ýokary derejede ulanmagyna kömek edip bileris»,-diýip işewür aýtdy.

Bu mowzuk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Günorta Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won Ju bilen 30-njy maýda Aşgabatda geçirilen duşuşygynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar himiýa pudagyndaky taslamalary geljegi uly diýip atlandyrdylar. Gürrüň täze zawodlaryň gurluşygy barada edildi. Olardan biri ýylda 660 000 tonna we degişlilikde ýylda 1155 tonna ammiak we karbamid öndürme kuwwatlylygy bolan zawod. Ol Balkan welaýatynda ýerleşýär. Ikinji taslama, Lebap welaýatyndaky Türkmenabat himiýa zawodynda ýylda 300 müň tonna fosfat dökünleri öndürme kuwwatlylygy bolan zawod.

Duşuşykda Türkmenistanyň serişde bazasynyň ýurdumyza mineral dökünleri öndüriji we eksport ediji bolmaga mümkinçilik berýändigi, şeýle hem bu pudagyň maý a goýum özüne çekijiligini kesgitleýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan hökümeti koreý gurluşykçysyny suw arassalaýjy we süýjediji desgalaryň gurluşygyndaky beýleki döwlet taslamalaryna hem-de häzirki zaman awtoulag ýollarynyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary akylly şäheri ösdürmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly taslamalar bolar diýlip, Koreýanyň neşirinde aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026