HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID iş berijileri TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň iş orunlarynyň ýarmarkasyna çagyrýar

Iýun 01, 2023 | 17:48 |7124
Häzirki zaman hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça USAID-iň taslamasy (YDA) gyzyklanýan iş berijilerden TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň iş orunlarynyň ýarmarkasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär.Häzirki zaman hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça USAID-iň taslamasy (YDA) gyzyklanýan iş berijilerden TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň iş orunlarynyň ýarmarkasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär.
Çeşme: rg.ru

Häzirki zaman hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça USAID-iň taslamasy (YDA) gyzyklanýan iş berijilerden TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň iş orunlarynyň ýarmarkasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär.

Bu iş berijiler üçin TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň alty aýlyk okuwyny üstünlikli tamamlan uçurymlarynyň arasyndan işgärleri we/ýa-da tejribelik geçjekleri saýlap almak üçin mümkinçilikdir. Okuwyň netijesinde olar aşakdaky hünärleriň birini özleşdirdiler:

— web-saýtlary işläp düzmek (website development)
— ykjam goşundylary döretmek (mobile app development)
— grafiki we UI/UX dizaýn (graphic and UI/UX design)
— tehniki hyzmat etmek we IT ulgamlaryny administrirlemek (IT system maintenance and administration)

Iş beriji hökmünde iş orunlarynyň ýarmarkasyna gatnaşmak üçin 8-nji iýuna çenli hasaba alnyş formasyny doldurmaly.

Ýarmarka 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» otelinde geçiriler. Başlanýan wagty 14:00.

TechYouth Bootcamp maksatnamasy häzirki zaman hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça USAID taslamasy tarapyndan Sanly Bilim okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Ol butkemp boýunça alty aýlyk intensiw okuwlary öz içine alýar.

Butkemp – bu täze hünäri gysga wagtyň içinde intensiw öwrenmekdir. Butkempde bazarda talap edilýän tehniki başarnyklary tizleşdirilen görnüşde özleşdirip bolýar. Köplenç gürrüň programmalaşdyrmagy öwretmek hakynda barýar.

Dürli soraglar boýunça şu elektron salgy boýunça ýüz tutup bolýar: HAtabayev@q2impact.com

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026