HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: Akylly şäherler sanly dolandyryş tejribesini paýlaşýarlar

Maý 30, 2023 | 15:20 |11395
Akylly şäherler senagatyň ösmegi üçin we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly gurşawy döredýärler. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäde şäher häkimlikleriniň hünärmenleri has akylly we howpsuz ýaşaýyş giňişliklerini döretmek üçin sanly özgertmäni öwrenip başladylar.Akylly şäherler senagatyň ösmegi üçin we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly gurşawy döredýärler. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäde şäher häkimlikleriniň hünärmenleri has akylly we howpsuz ýaşaýyş giňişliklerini döretmek üçin sanly özgertmäni öwrenip başladylar.
Çeşme: chinadaily.com.cn

Akylly şäherler senagatyň ösmegi üçin we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly gurşawy döredýärler. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäde şäher häkimlikleriniň hünärmenleri has akylly we howpsuz ýaşaýyş giňişliklerini döretmek üçin sanly özgertmäni öwrenip başladylar.

Hytaýyň Guýýane şäherindäki «Akylly şäher» Forumynda dürli ýurtlaryň şäher dolandyryşlarynyň wekilleri oba hojalyk, saglygy goraýyş we bilim ugurlarynda özleri tarapyndan ulanylýan sanly çözgütleri we gurallary görkezdiler.

Şeýlelikde, Täze Zelandiýadaky Palmerston-Nortda emeli intellekt daşky gurşawyň monitoringi, haýwanlaryň ýitip barýan görnüşleri bilen meşgullanýar. Durnukly gurluşyga, «ýaşyl» binalaryň gurulmagyna aýratyn üns berilýär.

Günorta Koreýadaky ilkinji akylly şäher bolan Pusan hakyky wagt kadasynda suwuň hilini dolandyrmak, ulagy akylly goýmak, intellektual lukmançylyk ýaly innowasion hyzmatlar bilen tanyşdyrdy.

Grekleriň Tripoli şäherinde ähli jemgyýetçilik ýerlerinde energiýanyň ulanylyşyna gözegçilik edýän gurluşlar oturdylandyr. Intellektual hasaplamalar sebäpli şäheriň ýaşaýjylary elektrik toguny aşa sarp etmekden gaça durup bilerler.

Sanly dolandyryş babatynda tejribe alyşmak wajypdyr, sebäbi şäherler we häkimiýetiň ýerli edaralary önümçiligi ýokarlandyrmak barada we adamlaryň has rahat durmuşyny üpjün etmek barada maglumatyň uly göwrümine eýedirler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026