HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda 2022-nji ýylda 5 esse, 2023-nji ýylda 2 esse ösdi

Maý 30, 2023 | 01:24 |9715
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy, 2021-nji
ýyla garanyňda, 2022-nji ýylda 5 esse artdy we şu ýylyň başyndan bäri, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan 2 esse ýokarlandy. Bu barada wise-
premýer Batyr Atdaew Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli
geçirilen dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda aýtdy.Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy, 2021-nji
ýyla garanyňda, 2022-nji ýylda 5 esse artdy we şu ýylyň başyndan bäri, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan 2 esse ýokarlandy. Bu barada wise-
premýer Batyr Atdaew Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli
geçirilen dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy, 2021-nji ýyla garanyňda, 2022-nji ýylda 5 esse artdy we şu ýylyň başyndan bäri, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan 2 esse ýokarlandy. Bu barada wise- premýer Batyr Atdaew Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda aýtdy.

Atdaew 6-njy mejlisi geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Bakuda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň bu meselede möhüm ornuny belläp, şol duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi – diýip, ORIENT-iň habarçysy dabaranyň geçen ýerinden habar berýär.

Atdaýew: “Türkmenistan we Azerbaýjan tebigy baýlyk potensialyna, şol sanda ägirt uly uglewodorod ätiýaçlyklaryna eýedir. Bu bolsa strategik ähmiýetli ugurlarda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri döredýär” – diýip, belledi.

― Biziň ýurtlarymyz Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda strategiki taýdan möhüm geografiki sebitde ýerleşýär. Bu üstaşyr ulag ulgamynda jebis hyzmatdaşlyga we iri halkara ulag geçelgelerini döretmäge giň ýol açýar. Häzirki wagtda Hazar sebitiniň halkara ähmiýetli iri ulag merkezi hökmünde roly güýçlenýär. Bu nukdaýnazardan, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljegi örän uludyr – diýip, wise-premýer aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

23:30 Iýul 20, 2026
Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

23:22 Iýul 20, 2026
Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

23:13 Iýul 20, 2026