HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda elektrik geçiriji ulgamlaryň kuwwaty iki esse artar

Maý 30, 2023 | 20:20 |8770
Häzirki wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 500 MWt energiýa alyş-
çalyş kuwwaty iki ýurduň arasynda täze elektrik geçiriji liniýa açylandan soň iki esse
artar. Bu barada Eýranyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabyan Tährana sapar
amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýanyndaky türkmen wekiliýeti bilen sişenbe güni geçirilen
duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy.Häzirki wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 500 MWt energiýa alyş-
çalyş kuwwaty iki ýurduň arasynda täze elektrik geçiriji liniýa açylandan soň iki esse
artar. Bu barada Eýranyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabyan Tährana sapar
amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýanyndaky türkmen wekiliýeti bilen sişenbe güni geçirilen
duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy.
Çeşme: standard.net

Häzirki wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 500 MWt energiýa alyş- çalyş kuwwaty iki ýurduň arasynda täze elektrik geçiriji liniýa açylandan soň iki esse artar. Bu barada Eýranyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabyan Tährana sapar amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanyndaky türkmen wekiliýeti bilen sişenbe güni geçirilen duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, duşuşykda Mary bilen Sarahsyň arasynda uzynlygy 150 km bolan dört aýlawly elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygynyň we ulanyşa berilmeginiň möhletleri ylalaşyldy. Bu taslamanyň potratçysy Eýranda öndürilen enjamlary we desgalary ulanýan eýran kompaniýasydyr.

Baý tebigy gaz gorlary we häzirki zaman gaz turbinalary bilen enjamlaşdyrylan elektrik beketler ulgamynyň gurulmagy Aşgabadyň sebitde iri elektrik eksportçysy bolmagyna mümkinçilik döretdi. 2022-nji ýylda onuň eksporty 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 30% ösdi. Ýurdumyz Eýrany, Owganystany, Özbegistany, Gyrgyzystany elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Stambulda çagalar we geljekki eneler üçin niýetlenen harytlaryň iň iri halkara sergisi geçiriler

Stambulda çagalar we geljekki eneler üçin niýetlenen harytlaryň iň iri halkara sergisi geçiriler

13:38 Iýul 17, 2026
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026