Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda 2022-nji ýylda 5 esse, 2023-nji ýylda 2 esse ösdi


Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy, 2021-nji ýyla garanyňda, 2022-nji ýylda 5 esse artdy we şu ýylyň başyndan bäri, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan 2 esse ýokarlandy. Bu barada wise- premýer Batyr Atdaew Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda aýtdy.
Atdaew 6-njy mejlisi geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Bakuda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň bu meselede möhüm ornuny belläp, şol duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi – diýip, ORIENT-iň habarçysy dabaranyň geçen ýerinden habar berýär.
Atdaýew: “Türkmenistan we Azerbaýjan tebigy baýlyk potensialyna, şol sanda ägirt uly uglewodorod ätiýaçlyklaryna eýedir. Bu bolsa strategik ähmiýetli ugurlarda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri döredýär” – diýip, belledi.
― Biziň ýurtlarymyz Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda strategiki taýdan möhüm geografiki sebitde ýerleşýär. Bu üstaşyr ulag ulgamynda jebis hyzmatdaşlyga we iri halkara ulag geçelgelerini döretmäge giň ýol açýar. Häzirki wagtda Hazar sebitiniň halkara ähmiýetli iri ulag merkezi hökmünde roly güýçlenýär. Bu nukdaýnazardan, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljegi örän uludyr – diýip, wise-premýer aýtdy.
ORIENT news








