Aşgabatda ilkinji gezek K. Danse fransuz toparynyň horeografiki çykyşy bolar


Özboluşly horeografiki çykyş – sanly we interaktiw tehnologiýalaryň ulanylmagynda sahna ilkinji gezek Ýewropaly artistler tarapyndan Aşgabatda görkeziler. Häzirki wagtda ol Ýewropanyň häzirki zaman sungatynyň iň moda we innowasiýa ugurlaryndan biridir. Şeýle özboluşly sowgat Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy we Fransuz instituty tarapyndan türkmen tomaşaçylary üçin berildi. Guramaçylar medeni çäräni Türkmenistan bilen ÝB arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşladylar.
Myselves – Fransiýanyň Tuluza şäherinden K. Danse topary tarapyndan döredilen interaktiw horeografiki çykyşyň şeýle atlandyrylýar. Bu görkeziş, tansçy bilen InfoMus Casa Paganini gözleg merkeziniň italýan hünärmenleri tarapyndan ýörite işlenip düzülen sanly wizual we ses enjamynyň arasyndaky gepleşikdir.
Spektaklda esasy keşbi tansçy Ewane DUGUET janlandyryp, sungat taslamasynyň awtory meşhur fransuz horeografy Jean-Mark MATOS. Ol Nýu-Ýorkda beýik Merse Kanninghem, Lýusinda Çaýlds we Dewid Gordon bilen bile okady. Mato ilkinjileriň biri bolup, adam bedeni we sanly tehnologiýalar bilen birleşdirilen özboluşly we ýeke-täk horeografiki taslamalary döretdi.
Onuň çykyşlary, ol bolsa kyrk bäş töweregi horeografiki sahnalar, Ýewropanyň, Merkezi we Günorta Amerikanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Marokkonyň, Hindistanyň, Pakistanyň we beýlekileriň iň gowy sahna meýdançalarynda görkezilýär. Şeýle hem bu çykyşlary Parižde görüp bolýar. Görkezişler Luwr piramidasy ýa-da CENTQUATRE ýaly medeni ýerlerde geçirilýär.
Taslamanyň başga bir gatnaşyjysy, has dogrusy, onuň awtorlary Antoine SCHMITT - sanly suratkeş, wizual we sanly enjamyň döredijisidir. Ol hünäri boýunça «adam-maşyn» gatnaşyklary we emeli intellekt ulgamynda programma inženeri. Onuň işläp taýýarlamalarynda iň başda ýokary halkara baýraklary bilen bellenen öz döredijilikleriniň programmirlenmegi durýar. Işleri Žorž Pompidu Merkezi, Parižiň dekoratiw sungaty muzeýi, transmediale, Ars Electronica, Sonar, ÝUNESKO-nyň wideo tans halkara festiwaly, Vida, CYNETart we beýleki şuňa meňzeş döredijilik ýerlerinde sergilendi we görkezildi.
Artistleriň toparyny tehniki menejer Fabien LE PRIEULT doldurar.
Spektakl Aşgabatda, Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda iki gün – 31-nji maý we 1-nji iýunda dowam eder. Görkeziş 19:00-da başlar. Giriş mugt.
ORIENT news








