HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäde içerki uçuşlara ilkinji gadaganlyk Fransiýada güýje girdi

Maý 28, 2023 | 16:37 |9796
Fransiýanyň 2,5 sagatdan az wagt sarp edilýän demir ýol gatnawy bolan içerki
ugurlar boýunça uçuşlara gadaganlygy güýje girdi. Ýurduň ulag ministri bu çäräni
"dünýäde ilkinji" diýip atlandyrdy we ol adamlary ulagyň atmosfera zyňyndylary az
bolan görnüşlerini ulanmaga höweslendirmäge gönükdirilendir.Fransiýanyň 2,5 sagatdan az wagt sarp edilýän demir ýol gatnawy bolan içerki
ugurlar boýunça uçuşlara gadaganlygy güýje girdi. Ýurduň ulag ministri bu çäräni
"dünýäde ilkinji" diýip atlandyrdy we ol adamlary ulagyň atmosfera zyňyndylary az
bolan görnüşlerini ulanmaga höweslendirmäge gönükdirilendir.
Çeşme: shutterstock.com

Fransiýanyň 2,5 sagatdan az wagt sarp edilýän demir ýol gatnawy bolan içerki ugurlar boýunça uçuşlara gadaganlygy güýje girdi. Ýurduň ulag ministri bu çäräni "dünýäde ilkinji" diýip atlandyrdy we ol adamlary ulagyň atmosfera zyňyndylary az bolan görnüşlerini ulanmaga höweslendirmäge gönükdirilendir.

Fransuz hökümeti 2,5 sagatdan az wagt sarp edilýän otly gatnawy bolan içerki howa gatnawlaryny gadagan etmek teklibini ilkinji gezek COVID-19 pandemiýasynyň möwç alýan döwründe öňe sürdi, bu döwürde ýüze çykan çökgünligi ýeňip geçmek üçin döwlet tarapyndan kömek hökmünde “Air France-KLM” awiakompaniýasyna milliardlarça ýewro bölünip berildi.

Ýewropa Komissiýasy tarapyndan tassyklananyp, jemgyýetçilik geňeşi geçirilenden soň, 23-nji maýda hökümetiň permany bilen neşir edilen bu teklip resmi taýdan fransuz kanunçylygynyň bir bölegine öwrüldi.

Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, Parižden Nant, Bordo, Liona uçuşlar indi gadagan edildi, sebäbi bu aralygy demir ýol ulagynda geçmek 2,5 sagatdan az wagt talap edýär – diýip, ATO.ru saýty habar berýär.

Fransiýa Train à Grande Vitesse (TGV) - ýokary tizlikli otlularyň mekany bolmak bilen, ýurduň ösen demir ýol ulgamy bar. Fransiýanyň demir ýollary Milli kompaniýasy bilen Train + Air (demir ýol+howaýollary) maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Oňa laýyklykda, ýolagçylar üçin uçuş we otly gatnawyna petegi bir sargyt arkaly resmileşdirirmäge mümkinçilik döredilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

23:30 Iýul 20, 2026
Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

23:22 Iýul 20, 2026
Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

23:13 Iýul 20, 2026