HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen lukmanlary lukmançylyk-arassaçylyk işlerinden galan galyndylary dolandyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärler

Maý 23, 2023 | 12:11 |7645
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arassaçylyk-keselleriň öňüni alyş gullugynyň we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hünärmenleri lukmançylyk-arassaçylyk işlerinden galan galyndylary dolandyrmak boýunça okuw geçdiler.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arassaçylyk-keselleriň öňüni alyş gullugynyň we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hünärmenleri lukmançylyk-arassaçylyk işlerinden galan galyndylary dolandyrmak boýunça okuw geçdiler.
Çeşme: @who_turkmenistan

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arassaçylyk-keselleriň öňüni alyş gullugynyň we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hünärmenleri lukmançylyk-arassaçylyk işlerinden galan galyndylary dolandyrmak boýunça okuw geçdiler.

Okuw BSGG-nyň Türkmenistandaky Ýurt edarasy bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «Türkmenistanda COVID-19 täsirlenmek» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Taslama Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Okuwa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, bu ministrligiň Döwlet arassaçylyk-keselleriň öňüni alyş gullugynyň, BSGG-nyň Türkmenistandaky Ýurt edarasynyň wekilleri, Türkmenistandaky BMGÖM-nyň, «SedaMedikal» lukmançylyk gullugy kompaniýasynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň arassaçylyk-keselleriň öňüni alyş gulluklarynyň wekilleri, şeýle hem welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar BSGG-nyň lukmançylyk-arassaçylyk işlerinden galan galyndylary howpsuz dolandyrmak strategiýasy bilen, bu ugurdaky hukuk resminamalary, şeýle hem lukmançylyk galyndylaryny gaýtadan işlemek etmek boýunça Bertin Sterilwave enjamyny işletmegiň gollanmasy bilen tanyşdylar.

Okuwyň barşynda alnan bilimleri gatnaşyjylar synag etmek arkaly barlamaga mümkinçilik aldylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026