HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMGÖM daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlap bäsleşik geçirýär

Maý 19, 2023 | 11:23 |6324
Her ýylda 5-nji iýunda bellenip geçilýän daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlap BMGÖM BeatPlasticPollution şekilli bäsleşigine badalga berýär.Her ýylda 5-nji iýunda bellenip geçilýän daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlap BMGÖM BeatPlasticPollution şekilli bäsleşigine badalga berýär.
Çeşme: instagram.com / @undp_turkmenistan

Her ýylda 5-nji iýunda bellenip geçilýän daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlap BMGÖM BeatPlasticPollution şekilli bäsleşigine badalga berýär.

Şekilli bäsleşik her bir adamyň plastik bilen hapalanma garşy göreşmek üçin edip biljek we etmeli hereketlerini ýene-de bir gezek görkezer. Ol adamyň daşky gurşawa edýän täsirleriniň ýaramaz netijeleri bilen baglanyşykly meselelere jemgyýetçiligiň ünsüni çeker, şol sanda hem ulularda, şeýle hem çagalarda gowy ekologiki endikleriň döremegine ýardam eder.

Bäsleşige 14 ýaşdan 25 ýaşa çenli adamlar gatnaşyp bilýärler. Olar plastigiň ulanylmagyny kemeldýän usuly görkezýän ýa-da gündelik durmuşda plastigiň gaýtadan ulanylyşyny görkezýän 1 minutlyk şekilli görnüşi döretmeli we ony Instagramdaky özüniň şahsy hasabynda ýerleşdirmeli. Işleri şeýle hem undptm@gmail.com. elektron poçtasy arkaly paýlaşmak hem bolýar.

Şeýle hem şekilli görnüşe onuň mazmunyny açyp görkezýän beýan ýazmaly. Işler 30-njy maýa çenli kabul edilýär.

Ýeňijiler 5-nji iýunda, daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününde yglan ediler. Bäş sany iň gowy şekilli görnüş Türkmenistandaky BMGÖM-nyň Instagramdaky sahypasynda 31-nji maýdan 4-nji iýuna çenli çap ediler. Saýlanyp alnan bäş şekilli görnüşden ikisi iň köp laýklaryň esasynda bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan ediler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026