HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenhowaýollary” London bilen Hanoýyň arasynda Aşgabadyň üsti bilen ýük gatnawlaryny amala aşyrar

Maý 21, 2023 | 21:04 |9962
“Türkmenhowaýollary” Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň arasynda açylan ilkinji
ýük ugry boýunça Türkmenistanyň üstünden üstaşyr gatnawlary amala aşyrar.“Türkmenhowaýollary” Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň arasynda açylan ilkinji
ýük ugry boýunça Türkmenistanyň üstünden üstaşyr gatnawlary amala aşyrar.
Çeşme: orient.tm

“Türkmenhowaýollary” Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň arasynda açylan ilkinji ýük ugry boýunça Türkmenistanyň üstünden üstaşyr gatnawlary amala aşyrar.

Wýetnam habarlar gullygynyň berýän habaryna görä, täze ugruň açylýandygy barada 19-njy maýda Angliýa we Wýetnam bazarlaryna hyzmat etmekde ýöriteleşen TT Meridian halkara söwda we logistika kompaniýasy yglan etdi.

Kompaniýa 30 tonna ýük göterijiligi bolan A330 uçarlaryny ulanýar.

“Türkmenhowaýollary” tarapyndan her hepde ýerine ýetirilýän TT Meridian ýük gatnawlary mundan beýläk her çarşenbe güni agşam Londonyň Stansted howa menzilinden ugrar, penşenbe güni irden Aşgabat halkara howa menzilinden uçup, şol gün öýlän NoiBai Hanoi halkara howa menziline gonar (ähli ýerde ýerli wagt). Yzyna gaýdyş wagty has dowamly – uçar penşenbe güni agşam Hanoýdan ugrar we indiki hepdäniň çarşenbe güni irden Stansted howa menziline gonar (ýola sarp edilýän wagt - 5-6 gün).

Şeýle-de habarda soňky birnäçe hepdäniň dowamynda bu ugurda birnäçe synag uçuşynyň bolandygy bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026