Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy söwda amallaryny ýönekeýleşdirmekde Türkmenistany goldaýar


Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy ýörite görkezijileri girizmek arkaly söwda amallaryny ýönekeýleşdirmekde Türkmenistana goldaw berýär. Bu barada Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň bütindünýä gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk direktoratynyň Ýewraziýa bölüminiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça taslamalaryň ýolbaşçysy Gregori Lekomta salgylanyp, Trend ýazýar.
Bu iş Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek taslamasynyň çäklerinde geçirilýär. Görkezijiler bu ugurda gazanylan üstünligi bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.
«Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy üstümizdäki ýylyň iýunynda netijeleri we mümkin bolan özgertmeleriň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin iş topary bilen Türkmenistanyň hökümetiniň onlaýn-mejlisini geçirer» - diýip, Lekomt beýan etdi.
Ol häzirki wagtda bu guramanyň Türkmenistanyň hökümeti bilen, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri bilen söwdanyň ösüşini we ulag aragatnaşygynyň ösüşini höweslendirmek üçin işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.
«Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen bu guramanyň özara gatnaşygy giňeldi. Hususan-da, ýurt Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň bäsdeşlige ukyplylyk boýunça Ýewraziýa maksatnamasyna we bu guramanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin korrupsiýa garşy toruna gatnaşýar» - diýip, ol nygtady.
ORIENT habarlar








