HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Jemgyýetçiligi Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek portaly bilen tanyşdyrdylar

Maý 17, 2023 | 11:52 |9822
Almatyda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Central Asia Gateway sebitleýin portalyna hem-de eksport we halkara söwdasy boýunça okuw maksatnamasyna badalga berilmegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.Almatyda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Central Asia Gateway sebitleýin portalyna hem-de eksport we halkara söwdasy boýunça okuw maksatnamasyna badalga berilmegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.
Çeşme: unsplash.com

Almatyda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Central Asia Gateway sebitleýin portalyna hem-de eksport we halkara söwdasy boýunça okuw maksatnamasyna badalga berilmegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.

Portala Halkara söwda merkeziniň Ready4Trade — Central Asia taslamasy tarapyndan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda sebitleýin we halkara söwdasyny goldamak maksady bilen badalga berildi. Taslama Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Sebitleýin maglumat merkeziniň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwda goldaw bermek boýunça milli portallara badalga berilmegi we işlemeginiň oňyn tejribesi bilen şertlendirilendir. Hususan-da, Türkmenistan şu ýylyň aprel aýynyň aýagynda öz milli portalyna badalga berdi.

Portal serhetüsti kadalaşdyryjy talaplarynyň aýdyňlygyny üpjün etmäge, söwdadaky kadalaşdyryjy we amal päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga, serhetüsti elektron täjirçiliginiň gowulandyrylmagyna ýardam etmäge niýetlenendir. Bu internet portaly Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky milli portallardan alnan maglumatlary birleşdirýär.

Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Central Asia Gateway sebitleýin portaly söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek maksadyna ýetmekde öňe gidişligi yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Öz gezeginde, eksport we halkara söwdasy boýunça okuw maksatnamasy hem Ready4Trade sebitleýin taslamasynyň bir bölegidir. Ol söwda kanunçylygy, sebitiň mikro, kiçi we orta karhanalary üçin eksport düzgünleri we logistika boýunça amaly okuw kurslaryny öz içine alýar.

Häzirki wagtda 10 okuw kursy işlenip düzüldi, ýene-de 9 okuw kursy taýýarlyk ýagdaýyndadyr. 40 tälimçi ýüzbe-ýüz seminarlary geçirmek üçin Halkara söwda merkeziniň okuwyny geçdiler.

Türkmenistanda okuw kursuny geçirmek üçin ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi jogapkärdir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026