HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gadymy we gymmatly teke halysy Wenadaky auksionyň saýlama lotlarynyň hatarynda

Maý 23, 2023 | 01:05 |10719
Awstriýa auksion kompaniýasynyň "Ajaýyp gadymy gündogar halylary-XXXIII"
nobatdaky auksiony 10-njy iýunda Wenada geçiriler. Auksionda gadymy türkmen,
kawkaz, anadoly, pars, hytaý halylary we başga-da 165 haly önümi bar.Awstriýa auksion kompaniýasynyň "Ajaýyp gadymy gündogar halylary-XXXIII"
nobatdaky auksiony 10-njy iýunda Wenada geçiriler. Auksionda gadymy türkmen,
kawkaz, anadoly, pars, hytaý halylary we başga-da 165 haly önümi bar.
Çeşme: jozan.net

Awstriýa auksion kompaniýasynyň "Ajaýyp gadymy gündogar halylary-XXXIII" nobatdaky auksiony 10-njy iýunda Wenada geçiriler. Auksionda gadymy türkmen, kawkaz, anadoly, pars, hytaý halylary we başga-da 165 haly önümi bar.

Adatça, iň gymmat lotlaryň sanyna XIX asyryň birinji ýarymyna degişli bolan nusgawy teke gölli halylar girýär.

Onuň baha gerimi sungat eseriniň ýagdaýy, özboluşlylygy, öňki şuňa meňzeş satuwlaryň netijeleri ýaly wajyp maglumatlardan düzülip, bahasy 20-30 müň ýewro aralykdadyr.

Halylaryň diňe iki görnüşi türkmen halysyndan gymmat, olar türkmen haly sungatyndan iki asyr öň dörän türk we pars halylarydyr.

Gündogar halylarynyň, esasanam türkmen halylarynyň şeýle gymmatly we üýtgeşik öý bezegi hökmünde uly islegden peýdalanmagy olaryň çylşyrymly gurluşly el işi bolmagydyr. Bu ömürboýy ulanyp, nesilden-nesle geçirip boljak kämil we gymmatly sungat eseridir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026