HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýanyň täze ilçisi Stiwen Konlon Aşgabat şäherine geldi

Maý 22, 2023 | 19:42 |12506
Duşenbe güni Beýik Britaniýanyň täze ilçisi Stiwen Konlon Türkmen Daşary işler ministrligine öz
şahsyýetnamalarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşyk Daşary işler ministriniň
wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew tarapyndan geçirilip, ol iňlis
diplomatyny wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň ilçihananyň
işine ýardam hem-de goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.Duşenbe güni Beýik Britaniýanyň täze ilçisi Stiwen Konlon Türkmen Daşary işler ministrligine öz
şahsyýetnamalarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşyk Daşary işler ministriniň
wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew tarapyndan geçirilip, ol iňlis
diplomatyny wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň ilçihananyň
işine ýardam hem-de goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Duşenbe güni Beýik Britaniýanyň täze ilçisi Stiwen Konlon Türkmen Daşary işler ministrligine öz şahsyýetnamalarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşyk Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew tarapyndan geçirilip, ol iňlis diplomatyny wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň ilçihananyň işine ýardam hem-de goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Taraplar syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Şu ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Londonda patyşa Çarlz III- iň täç geýdirişine bagyşlanan dabaralara gatnaşmagy döwletara gatnaşyklarynda möhüm waka boldandygy bellenildi.

«Türkmenistan parlament diplomatiýasyna uly ähmiýet berýär we şu nukdaýnazardan parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ünsi jemlemek teklip edildi», -diýip Daşary işler ministrliginiň maglumatynda aýdylýar.

Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetiren Lýusiýa Uaýldyň ýerine geçen Stiwen Konlon, Angliýanyň ÝB-däki wekilhanasynda, Ýewropa Parlament toparynyň ýolbaşçysy, Missiýanyň başlygynyň orunbasary, Wilniusdaky ynanylan wekil we konsul hem-de beýleki wezipelerde işledi. MBA diplomyna eýe. Rus dilini bilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026