Kabul “Tatneft” bilen ylalaşyga garaýar - Owganystanyň söwda ministri


Owganystanyň Senagat we söwda ministri Nuruddin Aziziniň Sputnik agentligine habar bermegine görä, Kabul Russiýanyň kompaniýalaryndan nebit önümlerini satyn almak mümkinçiliklerine garaýar we Russiýanyň “Tatneft” nebit kompaniýasy bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar.
Azizi Russiýanyň Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady forumyň çäklerinde geçen ýyl owgan häkimiýetleriniň Russiýanyň nebit kompaniýalary, şol sanda Tatarstan Respublikasynyň kärhanalarynyň wekilleri bilen duşuşandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Kabula, takmynan 4 million tonna nebit önümi gerek, onuň bir bölegini Türkmenistan we Eýran üpjün edýär.
Şol bir wagtyň özünde ministr Kabulyň Russiýa kompaniýalary, esasanam “Tatneft” bilen nebit importy barada ylalaşyk gazanmak isleýändigini aýtdy we taraplaryň aragatnaşykda boljakdygyna umyt bildirdi.
Nuruddin Azizi “Tatneft” kompaniýasyny ýurtdaky ýataklary özleşdirmäge gatnaşmaga çagyrdy. Owganystanyň ministrliginiň Twitterde berýän habaryna görä, Kazanda geçirilen duşuşykda Azizi edil şolar ýaly teklibi kompaniýanyň başlygy Nail Maganowa hem hödürledi. Ministrligiň berýän habaryna görä, Maganow bu ugurda amaly ädimleri ätmäge taýýardygyny mälim etdi.
Talyban wekiliýeti KazanForuma Tatarstan Respublikasynyň başlygy Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça gatnaşdy.
ORIENT news








