HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Almatydaky ikinji ÝB- Merkezi Aziýa ykdysady forumyna gatnaşdy

Maý 19, 2023 | 20:54 |12189
Ikinji ÝB-Merkezi Aziýa ykdysady forumy anna güni Almatyda
geçirildi. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda
we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýokary derejeli
umumy mejlisiň işine, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri
Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.Ikinji ÝB-Merkezi Aziýa ykdysady forumy anna güni Almatyda
geçirildi. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda
we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýokary derejeli
umumy mejlisiň işine, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri
Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Ikinji ÝB-Merkezi Aziýa ykdysady forumy anna güni Almatyda geçirildi. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýokary derejeli umumy mejlisiň işine, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.

1.jpg

Forumyň esasy mowzuklary ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýaşyl we sanly geçiş we iş gurşawyny gowulandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy. Şeýle hem gatnaşanlar, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri bilen bilelikde işlenip düzülen ÝB başlangyçlaryny we strategiýalaryny göz öňünde tutup, söwda ösüş mümkinçiliklerine garadylar. Duşuşykdan soň bilelikdäki beýannama kabul edildi.

2.jpg

Almaty forumynyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Toparynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskiý, Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň global meseleler boýunça wise- kansleri Mýart Wollmer we Halkara Söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Pamela Kouk-Gamilton bilen aýratyn duşuşyklar geçirdi.

3.jpg

Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen geçirilen gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ulag infrastrukturasy, ýaşyl energetika, oba hojalygy we nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategiki taýdan möhüm pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026