HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

KazanForumyň çäginde Çakyýew-Husnullin/Minnihanow duşuşdy

Maý 19, 2023 | 01:52 |13144
«Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň çäginde bir tarapdan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew we beýleki tarapdan Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin, şeýle hem Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.«Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň çäginde bir tarapdan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew we beýleki tarapdan Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin, şeýle hem Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: orient.tm

«Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň çäginde bir tarapdan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew we beýleki tarapdan Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin, şeýle hem Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Russiýa Federasiýasynyň RF hökümetiniň başlygynyň orunbasary Marat Husnullin türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokarydygyna garamazdan ylalaşyk-hukuk esasy yzygiderli täze resminamalar bilen doldurylýandygyny, söwda, ykdysady, ulag we logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň bolsa, oňat depginde ösýändigini, ikitaraplaýyn gatnaşyklary öňe sürmek üçin entek ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

– Şonuň üçin biz diňe bir Demirgazyk-Günorta transmilli üstaşyr geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň üstünde işlemän, täze infrastruktura taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, şeýle hem özara söwdanyň önümleriniň gerimini giňeltmek boýunça iş alyp barýarys.

Öz gezeginde Türkmen hökümetiniň ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew, Türkmenistanyň Russiýa, şol sanda Tatarstan bilen köp ugurda netijeli hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini nygtady.

– Respublikamyzyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda baý tejribesi bar, - diýip Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow söhbetdeşligi goldady. – Ýurtda uzak ýyllaryň dowamynda gämi gurluşygy, maşyn gurluşygy, şeýle hem «KER-Holding» ugrunda Taratstanyň kompaniýalary üstünlikli iş alyp barýar.

Duşuşykda söhbetdeşler türkmen-rus gepleşiklerini hasam giňeltmek barada pikir alyşdylar, sebäbi geçen ýylda haryt dolanşygynyň göwrümi bar bolan mümkinçilige laýyk gelmeýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda Tatarstanyň diňe maşyn gurluşygy we nebiti gaýtadan işlemek pudagynda işleýän iri kompaniýalary zähmet çekýärler, takmynan 3,5 milliard dollar töweregi 20-den gowrak maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň derwaýyslygy bellendi. Şeýle hem taraplar Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de söwda we ykdysady ugurda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege gowy arzuwlary aýdyp, köne dostluk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk we iki dogan halkyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlyga berk ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026