HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan gazy Hytaýa ibermek üçin täze taslamalaryň ýerine ýetirilmegine taýýardygyny beýan etdi

Maý 19, 2023 | 11:13 |8281
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen tebigy gazynyň Hytaý ugry boýunça ibermegi artdyrmak üçin täze taslamalary ýerine ýetirmegi dowam etdirmek üçin çykyş etdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen tebigy gazynyň Hytaý ugry boýunça ibermegi artdyrmak üçin täze taslamalary ýerine ýetirmegi dowam etdirmek üçin çykyş etdi.
Çeşme: news.cn

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen tebigy gazynyň Hytaý ugry boýunça ibermegi artdyrmak üçin täze taslamalary ýerine ýetirmegi dowam etdirmek üçin çykyş etdi.

Bu barada döwlet baştutany Hytaýyň Sian şäherinde açylan «Merkezi Aziýa-Hytaý» birinji Sammitinde çykyş etmek bilen nygtady – diýip, TDH habar berýär.

«Türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna esaslanan Türkmenistanyň energetika syýasatyny göz öňünde tutup, biz türkmen tebigy gazyny Hytaý ugry boýunça ibermek bilen baglanyşykly täze taslamalary ýerine ýetirmek boýunça işleri dowam etdirip bilerdik» — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti beýan etdi.

Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika pudagyny HHR-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri diýip atlandyrdy.

Bu babatda hyzmatdaşlygyň hakyky we oňyn mysallarynyň biri «Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisidir we şonuň üsti bilen häzir HHR öz senagatyny ösdürýär we ilatyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrýar – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026