HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gündogara tarap: Türkmenistan Demirgazyk-Günorta HUG üznüksiz ugruň döredilmeginiň üstünde işleýär

Maý 19, 2023 | 00:12 |13100
Türkmenistan, geografiki ýerleşişi sebäpli global üpjünçilik zynjyrlarynyň, şol sanda «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösmeginde möhüm orun tutýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew penşenbe güni geçirilen «Russiýa - Yslam dünýäsi: Kazanforum 2023» XIV halkara ykdysady forumynda aýtdy.Türkmenistan, geografiki ýerleşişi sebäpli global üpjünçilik zynjyrlarynyň, şol sanda «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösmeginde möhüm orun tutýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew penşenbe güni geçirilen «Russiýa - Yslam dünýäsi: Kazanforum 2023» XIV halkara ykdysady forumynda aýtdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan, geografiki ýerleşişi sebäpli global üpjünçilik zynjyrlarynyň, şol sanda «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösmeginde möhüm orun tutýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew penşenbe güni geçirilen «Russiýa - Yslam dünýäsi: Kazanforum 2023» XIV halkara ykdysady forumynda aýtdy.

Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýalar edarasynyň başlygy «Demirgazyk-Günorta» HUG-e bagyşlanan mejlisde çykyş edip, üstaşyr akymlarynyň logistikasynda, esasanam Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny göz öňünde tutýan, Demirgazyk-Günorta ugrunyň gündogar şahasynynda öz ýurdunyň ägirt uly mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Ol, ykdysady bahalandyrma görä, bu geçelgäniň gündogar ýolunyň beýleki ugurlary bilen deňeşdirilende az çykdajy talap ediljekdigini belläp, Türkmenistanyň bu HUG-e goşulmak işine başlandygyny belledi.

Şeýle hem, Russiýanyň, Gazagystanyň we Eýranyň wekilleri bilen üznüksiz hyzmaty üpjün etmek, tutuş ugur boýunça ýeke-täk açyk nyrhy goýmak baradaky işler barada gürrüň berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistandaky «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň esasy ýük daşamak akymy Eýran bilen günorta serhet geçelgesi bolan Sarahs tarapyndan özüne çekýär, emma ýurdumyzyň günbatarynda östaşyr göwrümini artdyryp biljek Akýaýla-Inçburun geçelgesi hem bar.

Başga bir ugry ulanmak mümkinçiligi ösdürilýär - Aşgabat-Mary liniýasyndaky Artyk bekediniň üsti bilen, hususy ýük terminaly gurlup, demir ýol we awtoulag ulaglarynyň arasynda haryt daşamak üçin işläp başlady. Multimodal daşamalary ösdürmekde Türkmenistan şeýle hem sürüjiler üçin ýeňillikli şertleri, şol sanda ýönekeý wiza düzgünlerini we nyrhlaryny üpjün etmegiň üstünde işleýär.

«Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň geljegi uly ugurlaryndan biri Türkmenbaşynyň halkara deňiz portydyr. Hazaryň üsti bilen ýük daşamagyny artdyrmak maksady bilen, Astrahan sebitiniň «OEZ «Lotos» portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler.

1-3.jpg

Ýük daşamagyň ösmegine ýene bir çynlakaý itergi, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi täze ýolunyň gurulmagy bolar. Bu taslama maýa goýumlary ýurtlaryň arasynda ýük we ýolagçy aragatnaşygyny işjeňleşdirmäge mümkinçilik döreder, onuň Gazagystanyň çägine we Russiýa boýunça giňelmegi halkara ulag we üstaşyr infrastrukturasyny güýçlendirer hem-de logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrar.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan ýük daşamagyň aýdyňlygyny, ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ulag we logistika pudagynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga ünsi jemleýär. Awtomatlaşdyrylan ýük yzarlaýyş ulgamlary, elektron resminamalar we onlaýn platformalar býurokratik iş päsgelçiliklerini azaldar we ýükleri gaýtadan işlemegi çaltlaşdyrar.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Marat Husnullin bu mowzukda çykyş edip, Hazar sebitiniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň we Pars aýlagy ýurtlarynyň ugurlary boýunça üstaşyr ýollarynyň ösdürilmeginiň Russiýa Federasiýasy üçin ileri tutulýan ugurdygyny belledi. «Biz 2025-nji ýyla çenli bu ugurdaky ýük dolanyşygynyň iki esse, ýagny azyndan 30 million tonna, 2030-njy ýyla çenli bolsa 35 million tonna çenli artmaly diýip hasaplaýarys. Bu 2021-nji ýyldakydan 155 göterim köp», - diýip Husnullin aýtdy.

«Demirgazyk-Günorta» geçelgesi üç esasy ugry: Günbatar - Dagystan Respublikasynyň üsti bilen awtoulag we demir ýoly, Hazar üstaşyry - Hazar deňziniň üsti bilen deňiz we derýa ulaglary arkaly Wolga boýunça Eýran we Türkmen portlaryna, şeýle hem Gündogar - Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen awtoulag we demir ýoly öz içine alýar.

«Gazagystan, Azerbaýjan, Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan, Yrak, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy ýurtlary bilen bilelikde bu ugurda hiç hili päsgelçilik bolmazlygy we infrastruktura taslamalarynyň ykdysadyýeti depginli işlemegi üçin infrastrukturany ösdürmek meýilnamalaryny düzmeli», - diýip Russiýanyň başlygynyň orunbasary belledi.

2-1.jpg

Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanow öz çykyşynda «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesini Ýewraziýanyň ulag çarçuwasynyň möhüm bölegi diýip atlandyrdy. «Bu geçelge, ykdysady ösüş üçin möhüm goşmaça geçelge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady we syýasy täsirine jogap hökmünde Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi üçin aýratyn ähmiýete eýe. Biziň daşary ýurt saparlarymyzda we duşuşyklarymyzda ulag geçelgeleri we logistika mowzugy elmydama ara alnyp maslahatlaşylýar. Biz geçen ýyl Eýrana eden saparymyzda Eýran tarapynyň bu ugry ösdürmäge nä derejede gyzyklanýandygyny gördük. Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan hakda-da şeýle diýmek bolar. Şonuň üçin bu meseleler iň möhümdir», - diýip Rustam Minnihanow aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026