HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple hakykylyk bilen üsti ýetirilen uzak garaşylan garniturany hödürlär

Maý 18, 2023 | 10:12 |7957
Apple Park ştab-kwartirasynda boljak «ýörite çärede» Apple amerikan korporasiýasy garyşyk hakykylygyň garniturasy üçin xrOS operasion ulgamy we gurluşyň özi bilen tanyşdyrar.Apple Park ştab-kwartirasynda boljak «ýörite çärede» Apple amerikan korporasiýasy garyşyk hakykylygyň garniturasy üçin xrOS operasion ulgamy we gurluşyň özi bilen tanyşdyrar.
Çeşme: Apple

Apple Park ştab-kwartirasynda boljak «ýörite çärede» Apple amerikan korporasiýasy garyşyk hakykylygyň garniturasy üçin xrOS operasion ulgamy we gurluşyň özi bilen tanyşdyrar.

Tanyşdyryş 5-nji iýunda Apple kompaniýasynyň işläp düzüjileriniň (WWDC) Bütindünýä maslahatynyň çäklerinde bolar.

Analitikleriň sözlerine görä, garnitura AR/VR hakykylygy bilen üsti ýetirilen tutuş senagaty höweslendirip biler. Garnitura öňdebaryjy tehnologýalar, şol sanda eli we gözi giňeldip yzarlamak bilen, aşa ýokary durulykdaky displeý we Apple M2 çipi bilen enjamlaşdyrylar. Onuň şeýle hem 12-den gowrak kameralary we datçikleri bolar. Onuň bahasy ABŞ-nyň 3-4 müň dollaryna golaý bolup biler.

«Biz onlaýn-seanslaryň we çäreleriň ajaýyp hepdesine başlamak üçin, Apple Parkda uzak gün dowam etjek ýörite çäre geçireris,
State of Union-yň esasy hasabatyna we şekilli roliklerine seretmek üçin, Apple-iň käbir komandalary bilen tanyşmak, Apple Design Awards-yň sylaglarynyň gowşyrylyş dabarasynda ajaýyp goşundylary baýram etmek we agşamky çärelerden lezzet almak üçun bize goşulyň», — diýip, Apple-iň metbugat gullugy «ýörite çäräni» resmi yglan etmek bilen habar berýär.

Apple kompaniýasynyň işläp düzüjileriniň bütindünýä maslahaty (WWDC) esasan işläp düzüjiler üçin niýetlenendir. Şol bir wagtda Apple iPhone, iPad, Mac we Apple Watch üçin operasion ulgamlaryň täze wersiýalaryny hem hödürleýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026