HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan Bütindünýä küşt olimpiadasyny geçirmäge 4 mln dollardan gowrak bölüp berer

Maý 17, 2023 | 12:56 |6876
46-njy halkara küşt Olimpiadasy 2026-njy ýylda Samarkantda geçiriler. Çäräni geçirmek üçin ABŞ-nyň dört million dollaryndan gowrak bölünip berler. Degişli karara respublikanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi – diýip, UzA habar berýär.46-njy halkara küşt Olimpiadasy 2026-njy ýylda Samarkantda geçiriler. Çäräni geçirmek üçin ABŞ-nyň dört million dollaryndan gowrak bölünip berler. Degişli karara respublikanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi – diýip, UzA habar berýär.
Çeşme: unsplash.com

46-njy halkara küşt Olimpiadasy 2026-njy ýylda Samarkantda geçiriler. Çäräni geçirmek üçin ABŞ-nyň dört million dollaryndan gowrak bölünip berler. Degişli karara respublikanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi – diýip, UzA habar berýär.

Resminama laýyklykda Guramaçylyk komitetiniň esasy meselesi FIDE-niň ýolbaşçylarynyň wekiliýetiniň Daşkende we Samarkanda saparlaryny taýýarlamak, şeýle hem çykdajylaryň smetasyny tassyklamak we bu işe goşulan ministrlikleriň we edaralaryň alyp barjak işlerini utgaşdyrmakdyr.

Smetanyň esasynda Ykdysadyýet we maliýe ministrligine döwlet býujetiniň parametrlerinde ABŞ-yň 4 mln dollaryndan gowrak möçberi göz öňünde tutmak tabşyryldy, ol şol sanda FIDE Olimpiadany geçirmek üçin kepillendirilen serişdeleriň tölegini geçirmäge, ýurtdaky küştçüleri we tälimçileri taýýarlamaga, superkompýuteriň programmasyny kärendesine almaga we okuw edebiýatyny taýýarlamaga goýberler.

Edaralaryň birnäçesine kadaly esasda «Küşt çagalar bagyndan başlanýar» atly ýörite maksatnamany ýerine ýetirmegi guramak, çagalar bagynda terbiýelenýänleriň arasynda her ýyl «Küşt festiwalyny» geçirmek we umumy orta bilimi berýän edaralarda küşt boýunça «Mekdep ligasy», «Akademiki liseýleriň ligasy», «Hünär bilim edaralarynyň ligasy» we «Talyplar ligasy» atlary bilen üç tapgyrly ýaryşlary her ýylda geçirmegi ornaşdyrmak tabşyryldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026