Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sian bilen Aşgabadyň arasynda ýolagçy gatnawlary başlandy

Maý 13, 2023 | 23:49 |13797
Şenbe güni, 13-nji maýda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi
welaýatynyň paýtagty Sian bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatyň arasynda
resmi taýdan ilkinji ýolagçy ugry açyldy.Şenbe güni, 13-nji maýda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi
welaýatynyň paýtagty Sian bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatyň arasynda
resmi taýdan ilkinji ýolagçy ugry açyldy.
Çeşme: english.news.cn

Şenbe güni, 13-nji maýda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň paýtagty Sian bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatyň arasynda resmi taýdan ilkinji ýolagçy ugry açyldy.

1-2.jpg

Sian-Urumçi-Aşgabat ugry boýunça CZ5085 gatnawy her şenbe güni Pekin wagty bilen sagat 17:30-da (GMT 09:30) Siandan ýola çykar we ýerli wagt bilen sagat 23:10-da (GMT 18:10) Aşgabat şäherine geler. Yzyna gaýdanda CZ5086 gatnawy ertesi gün ýerli wagt bilen sagat 00:40-da (GMT 19:40) Aşgabatdan ýola çykar we Pekin wagty bilen sagat 12:30 (GMT 04:30) Sian'a barar diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

Sian we Merkezi Aziýa şäherleriniň arasynda uçuşlaryň açylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi olar Hytaý bilen sebitiň arasynda ykdysady we medeni alyş-çalyşa ýardam eder.

2-2.jpg

«Bir guşak, bir ýol» başlangyjy Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky alyş-çalyşlara ýardam etdi diýip, Hytaýyň raýat awiasiýa dolandyryş müdirliginiň Demirgazyk-Günbatar sebit bölüminiň partiýa sekretary Sýun Sze aýtdy.

Ol, «howa ýüpek ýolunyň» emele gelmegi dowam edýändigi, iki tarapyň arasynda medeniýet, işewürlik we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlyga has köp mümkinçilik açjakdygyny nygtady.

3 (1).jpg

18-nji maýda ýola goýuljak, Sian bilen Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň arasyndaky uçuş bilen birlikde täze ugur, gadymy ýüpek ýolunyň başlangyç nokady bolan Sýandan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdyna ýolagçy howa gatnawynyň doly baglanyşygyny görkezýär.

4 (1).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026