HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda kinorežissýor Salyh Baýramowyň «Daragt» filminiň ilkinji görkezilşi geçirildi

Maý 11, 2023 | 00:19 |11990
«Türkmenfilm» kinostudiýasynyň režissýory Salyh Baýramowyň
«Daragt» («Agaç») çeper filminiň ilkinji görkezilşi çarşenbe güni
paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda geçirildi. Filmiň Beýik yeňiş
baýramçylygy günlerinde görkezilmegi ýönelikden daldir. Sebäbi täze
melodramada 1941-1945-nji ýyllardaky uruş wakalary hem-de
adamsyny urşa ugradan we hatda Beýik Watançylyk urşy gutarandan
soňam uzak ýyllar onuň öýüne gaýdyp gelerine garaşýan türkmen
zenany Näzigiň ykbaly barada gürrüň berilýär.«Türkmenfilm» kinostudiýasynyň režissýory Salyh Baýramowyň
«Daragt» («Agaç») çeper filminiň ilkinji görkezilşi çarşenbe güni
paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda geçirildi. Filmiň Beýik yeňiş
baýramçylygy günlerinde görkezilmegi ýönelikden daldir. Sebäbi täze
melodramada 1941-1945-nji ýyllardaky uruş wakalary hem-de
adamsyny urşa ugradan we hatda Beýik Watançylyk urşy gutarandan
soňam uzak ýyllar onuň öýüne gaýdyp gelerine garaşýan türkmen
zenany Näzigiň ykbaly barada gürrüň berilýär.
Çeşme: Atavatan Turkmenistan

«Türkmenfilm» kinostudiýasynyň režissýory Salyh Baýramowyň «Daragt» («Agaç») çeper filminiň ilkinji görkezilşi çarşenbe güni paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda geçirildi. Filmiň Beýik yeňiş baýramçylygy günlerinde görkezilmegi ýönelikden daldir. Sebäbi täze melodramada 1941-1945-nji ýyllardaky uruş wakalary hem-de adamsyny urşa ugradan we hatda Beýik Watançylyk urşy gutarandan soňam uzak ýyllar onuň öýüne gaýdyp gelerine garaşýan türkmen zenany Näzigiň ykbaly barada gürrüň berilýär.

Bu, Salyh Baýramowyň Ikinji jahan urşuna bagyşlanan ikinji filmi bolup, ilkinji «Gyzyl Kürte» filmi ýaly hakyky wakalara esaslanýar. Onda hakyky adamlar, ýagny Türkmenistanyň aýallary gahrymanlary keşplendirdi. Awtor öz suratlarynda daşky görnüşi näzik, ýöne ruhy taýdan gaty güýçli ýaş türkmen aýal-gyzlaryň edermenligini görkezýär. Onuň gahrymanlary gaýratly, maksada okgunly we şol bir wagtyň özünde rehimli we wepaly. Olar uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny başdan geçirip, ýakynlaryna bolan söýgüsini saklap bildiler.

Baş keşpleri Türkmen Medeniýet institutynyň ýaş artistleri we talyplary Turan Gurbanowa, Aýdogdy Sopyýew, Ýolaman Nurymow, Muhammetguly Kasymow, Oguljahan Kulyýewa, şeýle hem ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň baş aktrisasy Şemşat Kasymowa dagylar janlandyrdy. Film düşürmeklik Bähärden we Gökdepe ýaly ajaýyp ýerlerde geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026