Iň täze habarlar

“Türkmenfilme” bagry badaşan: kinorežissýor Sahysalyh Baýramow täze filmiň premýerasyny taýýarlaýar

06.04.2023 | 19:57 |
 “Türkmenfilme” bagry badaşan: kinorežissýor Sahysalyh Baýramow täze filmiň premýerasyny taýýarlaýar

"Türkmenfilm" kinostudiýasynyň režissýory Sahysalyh Baýramowyň "Daragt" filminiň premýerasy her ýyl 27-nji iýunda bellenilýän Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp geçiriler.

Bu awtoryň ikinji çeper filmidir. Birinjisi – “Gyzyl kürte” melodramasy geçen ýyl tomaşaçylar köpçüligine hödürlenip, kino lentasy 1941-1945-nji ýyllardaky uruş döwrüniň wakalary we söwer ýarynyň uruşdan dolanyp gelerine garaşan türkmen gyzynyň ykbaly barada gürrüň berýär.

IMG_20230406_191549.jpg

Täze filmde Sahysalyh Baýramow ýene-de şu mowzugy – uruş, söýgi, wepalylyk, umydygärlik meselelerini örboýuna galdyrýar. Ýene-de baş gahryman – ýanýoldaşyny fronta ugradyp, onlarça ýyl yzynda uruşdan gaýdyp gelerine garaşyp oturan türkmen zenany. Adamsy barada “dereksiz ýitdi” hatyny alandan soňam umydyny üzmedik, sabyr-kanagatyň, söýgi bilen wepalylygyň belent nusgasy bolan zenan. Hoşlaşanlarynda, är-aýal bir-birege wada berýärler, adamsy – diri gaýdyp gelmegi, aýaly bolsa – birmahal ikisiniň bilelikde oturdan erik agajyna esewan etmegi.

IMG_20230406_191608.jpg

Filmde özüne çekiji gyzykly pursatlaryň biri – gelin ýanýoldaşynyň dereksiz ýitendigi baradaky haty alanda, olaryň söýgi agajy solup, süllerip ugraýar. Ýöne gursagy söýgüden, umytdan, ynamdan püre-pür zenan yhlasyny kemmän, bagy suwaryp, ideg etmegini dowam edýär.

IMG_20230406_191353.jpg

50 ýyl töweregi wagtdan soň, erik agajy adamsynyň gaýdyp gelmeginiň nyşany hökmünde, birden gülläp başlaýar. Watan goragçysynyň dogduk mekanyna gaýdyp gelen-gelmedigini, onuň nämeleri başdan geçirendigini tomaşaçylar täze “Daragt” filmine doly tomaşa edip bilerler.

IMG_20230406_191641.jpg

Häzir soňky ýazgylar tamamlanyp barýar, soňra filmiň montaž işleri we kino lentasy gözden geçirilişe taýýar. Baş rollarda ýaş artistler – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyplary, ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowa we beýleki meşhur aktýorlar.

IMG_20230406_191430.jpg

Ýeri gelende aýtsak, Baýramowyň özi hem kino pudagyna kino aktýory hökmünde giripdi. Şonda ol bary-ýogy 10 ýaşyndady, muňa seretmezden, meşhur türkmen režissýory Halmämmet Kakabaýewiň "Ogul" (1989) filmindäki onuň ýerine ýetiren baş roly Hindi kino festiwalynda “Iň gowy çaga keşbi” nominasiýasy boýunça “Kümüş pil” baýragyna mynasyp bolupdy.

IMG_20230406_191530.png

"Türkmenfilm" kinostudiýasynyň ady rowaýata öwrülen ussady Halmämmet Kakabaýew Salyhyň kinematografiýa sungatynda hak halypasy bolmak bilen, oňa diňe kino aktýorlygy däl, eýsem kino režissýorlygy ugrundan hem kämilleşmegine ýardam berýär. S.Baýramow birnäçe ýylyň dowamynda Halmämmet aganyň gapdalynda ikinji režissýor bolup işlemek bilen, halypasynyň “režissýorlyk mekdebini” ele alýar. Halmämmet Kakabaýew öz döwründe beýik ussat Georgiý Daneliniň elinde taplanýar.

IMG_20230406_191809.jpg

Sahysalyh hut, mugallymynyň geçen durmuş ýoluny gaýtalaýan ýaly, olam edil Halmämmet Kakabaýew ýaly, ilki sazçylyk uçilişesini, soňra Magtymguly adyndaky TDU-ny tamamlaýar. Şondan soň Sahysalyhyň türkmen kinostudiýasyna bagry badaşýar gidiberýär we bu ýagdaý häzire çenli dowam edýär. Çagalygynda ol “Türkmenfilmde” Artyk Jallyýew, Baba Annanow, Hommat Müllük ýaly beýikleriň we başga-da birnäçe ussatlaryň surata düşüriliş meýdançasynda işleýşine syn edipdi we olardan aktýorlyk ussatlygyny ele alypdy.

Häzirki wagtda Sahysalyh Baýramow häzirki zaman türkmen kinematografiýa mekdebiniň görnükli wekillerinden biri bolup, köpsanly dokumental, çeper-publisistik we çeper filmleriň awtory, şeýle hem Oguz Han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygynyň orunbasary. Emma, ýeten derejesine we atlaryna garamazdan, ol henizem köpler üçin "kinostudiýanyň ogly" bolup galdy we arzuwlaryny kinoda amala aşyrmagyny dowam etdirýär.

Gulya Geldiýewa

Foto: из архива Салиха Байрамова

Şeýle hem okaň: