ÝB-niň wekilhanasy Balkan welaýatynda sport festiwalyny geçirdi


Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkanabatda breýking, bouldering (daga çykmagyň bir görnüşi) we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça sport festiwalyny gurady.
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubeliň Balkan welaýatyna saparynyň barşynda bolup geçdi.
Sport festiwaly breýkingiň ýetginjek janköýerleriniň çykyşlaryndan başlandy, olar çylşyrymly akrobatiki hereketleriň üsti bilen bedene erk etmegiň başarnyklaryny görkezdiler.
Ajaýyp hereketlendiriji gurşaw ýerli sport toplumynyň meýdançasynda bolup geçdi, ýetginjek tansçylar tarapyndan ýerine ýetirilen her bir element tomaşaçylary haýran galdyrmaga mejbur etdi. Hut Balkanyň breýking mekdebiniň wekilleriniň sportuň bu görnüşi boýunça ýurduň häzirki çempionlarydygyny belläp geçmelidiris, bu görnüş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň Maksatnamasyna goşuldy.
Sport festiwaly stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar bilen dowam etdi, ol dürli ýaş derejelerindäki oýunçylary ýygnady.
Dürli öwüşginli sport çäresi bouldering bilen tamamlandy, ol ýerde gatnaşyjylar ussatlyk, çydamlylyk we çalasynlyk görkezmeli boldular.
Çäräniň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylara guramaçylaryň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Balkan welaýatyna saparynyň barşynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubel ýerli häkimlik bilen duşuşyk geçirdi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasyna baryp gördi, Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezine okuw gollanmalaryny berdi , ÝB-niň wekilhanasy tarapyndan gurnalan «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport wersiýasynda çykyş etdi.
Artur PETROSÝANS








