HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Google özüniň ilkinji eplenýän Pixel Fold telefony bilen tanyşdyrdy

Maý 11, 2023 | 17:34 |9655
Kaliforniýada, ABŞ-da işläp düzüjiler üçin her ýylky geçirilýän maslahatda Google korporasiýasy özüniň ilkinji eplenýän Pixel Fold smartfonyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň blogy habar berýär.Kaliforniýada, ABŞ-da işläp düzüjiler üçin her ýylky geçirilýän maslahatda Google korporasiýasy özüniň ilkinji eplenýän Pixel Fold smartfonyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň blogy habar berýär.
Çeşme: rbc.ru

Kaliforniýada, ABŞ-da işläp düzüjiler üçin her ýylky geçirilýän maslahatda Google korporasiýasy özüniň ilkinji eplenýän Pixel Fold smartfonyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň blogy habar berýär.

Açylan görnüşde ol korporasiýanyň iň inçe smartfonydyr we bazardaky iň inçe eplenýän telefondyr. Google kompaniýasynda bellemeklerine görä, iň ýokary inçelige ýetmek we täze dizaýna gabat gelmek üçin, Pixel-iň köp düzüm bölekleri gaýtadan işlenildi.

Google Tensor G2 prosessorynyň esasynda döredilen gajet 48 megapikselli esasy kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Gurluş şeýle hem hersi 10,8 megapiksele deň bolan iki sany goşmaça kamerany özünde saklaýar, olaryň biri şekili bäş esse golaýlaşdyrýar.

Ýapylan ýagdaýda ekrany 7,6 dýuýma deň bolan gurluş smartfonyň adaty görnüşine eýedir, açyk görnüşde bolsa ol planşete meňzeş bolýar.

Smartfon deslapky sargyt üçin elýeterlidir. Onuň başlangyç bahasy $1799. Gurluş şu ýylyň iýunyndan başlap 12 Gb bolan operatiw ýady we fiziki saklaýjynyň iki warianty bilen —256 we 512 Gb göwrümde çykarylyp başlanar. Akylly gajetiň operasion ulgamy — Android 14.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026