Twitter ulanyjylaryň işjeň däl hasaplaryny aýryp başlar


Twitteriň mikrobloklar serwisi birnäçe ýylyň dowamynda işjeň bolmadyk hasaplary aýryp başlar. Bu barada Twitteriň baş direktory Ilon Mask habar berdi.
Ol şeýle hem mikrobloklar platformasyndan peýdalanyjylaryň sanynyň ep-esli kemelip başlajakdygyny sözüniň üstüne goşdy. Twitteriň täze syýasatyndan gelip çykyşyna görä, hasaplaryň eýeleri onuň uzak wagtlap hereket etmeýänligi sebäpli gutarnykly aýrylmazlygy üçin, özleriniň hasaplaryna 30 günüň dowamynda iň azyndan bir gezek girmelidirler.
Twitteriň geçen aýda müňlerçe ulanyjynyň, şol sanda meşhur adamlaryň, žurnalistleriň we görnükli syýasatçylaryň profilinden gök belligi aýyrandygyny belläp geçmelidiris. Mask hasabyň barlagyny Twitter Blue ýazylmagyň bir bölegi hökmünde etdi, bu bolsa onuň sözlerine görä, sosial torlaryň platformasynda botlaryň hasaplary meselesini çözmelidir.
ORIENT habarlar








