Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Magtymgulynyň 300 ýyllygyny bellediler


Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçirildi.
Ýokary okuw mekdebiniň rus dili mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan çäräniň maksady — dürli nesilleriň ýaşlaryna beýik şahyryň şygyrýetine söýgi döretmek, olary agzybirlik we jebislik ruhunda terbiýelemekdir. Talyplardan başga-da duşuşyga paýtagtyň mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.
Çärede şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan prezentasiýalar, goşgular ýygyndysy görkezildi. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary Magtymgulynyň goşgularyny labyzly okadylar, onuň ömrüne bagyşlanan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.
«Berkarar döwlet hakynda arzuw eden Magtymgulynyň ajaýyp pikirleriniň hakykylygyny durmuş subut etdi. Beýik şahyryň arzuw eden zatlarynyň ählisi hasyl boldy» – diýip, ýokary okuw mekdebiniň rus dili mugallymy Ogulnyýaz Annataganowa döredijilik duşuşygynda öz duýgulary bilen paýlaşdy, Pyragynyň poeziýasynyň diňe bir türkmen halkynyň ruhy islegine däl-de, eýsem tutuş adamzadyň islegine jogap berýändigini belledi.
ORIENT habarlar








