Aşgabatda dolandyryş işgärlerini taýýarlamak boýunça türkmen-german Maksatnamasynyň 15 ýyllygy bellenildi


Aşgabatda Türkmenistanda dolandyryş işgärlerinitaýýarlamak boýunça türkmen-german Maksatnamasynyň 15 ýyllygyny ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Begmyrat Allakbaýewiň gatnaşmagynda belläp geçdiler – diýlip, Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.
Çäre gatnaşmak üçin Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak Federal ministrligindäki dolandyryş işgärlerini taýýarlamak Maksatnamasy bölüminiň ýolbaşçysy Ulrih Niman we bu Maksatanmanyň Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiňsebitleýin menejeri Izolda Haýnz sapar bilen geldiler.
Çäre Taslamanyň Türkmenistandaky we Germaniýadaky hyzmatdaşlaryna koronawirus çäklendirmeleri sebäpli uzak wagta çeken arakesmeden soňra şahsy duşuşmaga we bilelikdäki iş boýunça täsirleri we pikirleri paýlaşmaga mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň barşynda Maksatnamanyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda oňa 17 ýurtdan 15 müň ýolbaşçynyň gatnaşandygyny, onuň köp telekeçilere we döwlet işgärlerine Germaniýa baryp görmäge we bu ýurduň işewürler jemgyýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berendigini bellediler.
Türkmenistandan GFR-na 300 telekeçi baryp gördi. Bu Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak Federal ministrligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň netijesinde mümkin boldy.
ORIENT habarlar








