Aşgabatda StartUp Academy biznes inkubatorynyň çäklerinde startaplaryň tanyşdyrylyşy bolar


Türkmenistandaky StartUp Academy ilkinji biznes-inkubatorynyň topary ähli gyzyklanýan şahslary, şol sanda mümkin bolan maýa goýumçylary 13-nji maýda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde boljak Demo Day atly startap-taslamalaryň bäsleşigine çagyrýar.
Ýaş telekeçiler, startap-taslamalary ösdürmek boýunça maksatnamanyň uçurymlary bäsleşigiň eminleriniň we StartUp Academy biznes-melekleriniň öňünde edilen işleriň tanyşdyrylyşyny geçirerler. Startap dilinde bu çäre piç diýlip atlandyrylýar. Onuň netijeleri boýunça iň gowy taslamalar saýlanyp alnar we olara goldaw berler.
Demo Day barada jikme-jik maglumaty bilmek we hasaba alynmak üçin şu saýta girmeli.
МСТ Agency konsalting kompaniýasynyň StartUp Academy biznes-inkubatory 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň işe täze başlaýan telekeçilerine goldaw bermek boýunça işleri alyp barýar.
«Uçmaga» taýýarlanýan ýaş taslama mydama goldawa mätäçdir – maliýe, guramaçylyk, maslahat beriş, bilim we ş.m., şol sebäpli startaplary döredýänlere taslamanyň tassyklanan şertlere gabat gelmelidigine we berk seçimden geçmelidigine düşünmekleri möhümdir.
Ilkinji nobatda, startap adamyň durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen bolmalydyr, meselem,eýýäm bar bolan hyzmatlaryň we önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýa-da haýsydyr bir täze zady döretmäge gönükdirilmelidir.
ORIENT habarlar








