HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AÖB howany maliýeleşdirmek üçin 100 milliard dollar bermegi meýilleşdirýär

Maý 07, 2023 | 04:40 |9475
Aziýanyň Ösüş Banky 2030-njy ýyla çenli howany maliýeleşdirmek üçin 100 milliard dollar bermegi meýilleşdirýär. Bu hepde, AÖB Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde howany maliýeleşdirmek boýunça innowasion desgany işe girizdi. Ol howanyň üýtgemegi bilen göreşmäge şeýle wajyp milliardlarça dollar maýa goýumyny çaltlaşdyrmak üçin itergi hökmünde hyzmatdaşlardan kepillikleri ulanar. Täze maksatnama, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldýan we howanyň durnuklylygyny ýokarlandyrýan taslamalary maliýeleşdirmek üçin 15 milliard dollara çenli serişde toplamaga gönükdirilendir.Aziýanyň Ösüş Banky 2030-njy ýyla çenli howany maliýeleşdirmek üçin 100 milliard dollar bermegi meýilleşdirýär. Bu hepde, AÖB Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde howany maliýeleşdirmek boýunça innowasion desgany işe girizdi. Ol howanyň üýtgemegi bilen göreşmäge şeýle wajyp milliardlarça dollar maýa goýumyny çaltlaşdyrmak üçin itergi hökmünde hyzmatdaşlardan kepillikleri ulanar. Täze maksatnama, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldýan we howanyň durnuklylygyny ýokarlandyrýan taslamalary maliýeleşdirmek üçin 15 milliard dollara çenli serişde toplamaga gönükdirilendir.
Çeşme: esgtoday.com

Aziýanyň Ösüş Banky 2030-njy ýyla çenli howany maliýeleşdirmek üçin 100 milliard dollar bermegi meýilleşdirýär. Bu hepde, AÖB Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde howany maliýeleşdirmek boýunça innowasion desgany işe girizdi. Ol howanyň üýtgemegi bilen göreşmäge şeýle wajyp milliardlarça dollar maýa goýumyny çaltlaşdyrmak üçin itergi hökmünde hyzmatdaşlardan kepillikleri ulanar. Täze maksatnama, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldýan we howanyň durnuklylygyny ýokarlandyrýan taslamalary maliýeleşdirmek üçin 15 milliard dollara çenli serişde toplamaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen bir hatarda, AÖB-nyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça baş müdiri Ýewgeniý Žukow sebitiň ýurtlarynyň gymmatly tebigy baýlyklary hemmeleriň peýdasyna dolandyrmak üçin bilelikde işlemelidigini aýtdy.

Žukow AÖB-nyň ýyllyk mejlisinde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) maksatnamasynyň gatnaşyjy-ýurtlarynda howanyň meselelerini we mümkinçiliklerini deslapky öwrenmek boýunça «CAREC 2030: Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin sebitleýin çäräni goldamak» taslamasyny hödürledi.

Howanyň üýtgemegi, Merkezi Aziýany, Mongoliýany, Pakistany, Hytaýy we Günorta Kawkazy öz içine alýan CAREC sebitine uly täsir eder diýlip garaşylýar. Gözlegiň netijesine görä, derejäniň ortaçadan has ýokary bolmagy suw ýetmezçiligine, çölleşmäniň giňelmegine we suw joşmasy we gurakçylyk ýaly aşa howa hadysalaryna sebäp bolup biler.

Gözleg, CAREC maksatnamasyna hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan pudaklaryny kesgitleýän howany üýtgetmek strategiýasyny işläp düzmegi, netijeleriň ýumşadylmagynyň we uýgunlaşmanyň iň uly mümkinçilikleri bolan taslamalary kesgitlemegi maslahat berip, bu taslamalary maliýeleşdirmegiň mehanizmini teklip etdi.

AÖB-de CAREC sekretariaty ýerleşip, ol sebit derejesinde peýda getirýän taslamalary öňe sürmäge kömek edýär. 2001-nji ýylda maksatnama döredilen gününden bäri CAREC bilen baglanyşykly taslamalara takmynan 50 milliard dollar maýa goýuldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026