Daşkentde «Merkezi Aziýa» HSHM-iň döredilmegini çaltlaşdyrmak üçin ýol kartasyna gol çekildi


Daşkentde, Gazagystanyň we Özbegistanyň hökümet baştutanlary Alihan Smailowyň we Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygynda merkezi döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda hökümetara toparynyň 20-nji mejlisi geçirildi.
Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýadaky söwdalaryň 80 göterimi Gazagystana we Özbegistana düşýär. Şol bir wagtyň özünde, oba hojalygynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, agrosenagat toplumynda we azyk senagatynda özara söwdany giňeltmek, şeýle hem senagat hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ösüşler bar. Bu bölümde «Merkezi Aziýa» Halkara Senagat Hyzmatdaşlyk Merkeziniň gurluşygy möhüm ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynyň hasam giňelmegi üstaşyr we ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär.
Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripow hem öz gezeginde ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmekdigini belledi. «Daşkende döwletlerimiziň baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijelerinden soň, biz bilelikde ähli ileri tutulýan ugurlary, şol sanda 10 milliard dollarlyk taslamalary durmuşa geçirmegi öz içine alýan ýol kartasyny kabul etdik», - diýip ol aýtdy.
Soňra, «Merkezi Aziýa» Halkara Senagat Hyzmatdaşlyk Merkeziniň döredilmegini çaltlaşdyrmak üçin ýol kartasy we zähmet işinde hem-de migrant işçileriň hukuklaryny goramak babatynda bilelikdäki amaly hereketleriň meýilnamasy ýaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi.
ORIENT news








