TDHÇB-daky söwdalaşyklar: içerki bazarda 40-dan gowrak geleşik baglaşyldy


Anna güni, 5-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy 50,5 mln türkmen manadyna deň bolan 42 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Ýerli telekeçiler NBD 60/90 kysymly nebit ýol bitumynyň jemi 20 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna 2,5 müň TMT baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy 50 mln TMT deň boldy.
Şeýle hem türkmen telekeçileri el halylarynyň dürli görnüşleriniň 275,66 inedördül metrini 589,7 müň türkmen manadyna satyn aldylar. Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar








