Merkezi Aziýa ýurtlary futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň geçirilmegi üçin bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrarlar


Merkezi Aziýa futbol birleşmesiniň prezidenti Rustam Emomali Duşenbede CAFA-nyň 8-nji kongresinde eden çykyşynda 2031-nji ýa-da 2035-nji ýylda Aziýanyň Kubogynyň final bölegini geçirmäge bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrmaga taýýardygyny bildirdi – diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
«Biziň Merkezi Aziýa sebitimiz taryhda hiç mahal Aziýanyň Kubogynyň final bölegini kabul etmändi. Wagty geldimikä diýip pikir edýärin. Biziň sebitimize güýçli ýygyndylar wekilçilik edýärler. Doganlyk ýurtlar bilen biziň Aziýanyň birinjiliginiň final bölegini ýokary derejede geçirjekdigimize ynanýaryn. Biz 2031-nji ýa-da 2035-nji ýylda Merkezi Aziýada Aziýanyň Kubogynyň final bölegini geçirmek üçin bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrarys» - diýip, Rustam Emomali belledi.
Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al-Halifa CAFA-nyň kongresindу çykyş уеьул ишдут, CAFA-nyň ýolbaşçysy Rustami Emomaliniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özlerinde Aziýanyň Kubogynyň final bölegini kabul etmek üçin bilelikde ýüz tutma tabşyrmak baradaky başlangyjyny goldady hem-de bu sebitiň milli ýygyndylarynyň arasynda Aziýanyň birinjiligini kabul etmäge mynasypdygyny aýtdy.
Aziýanyň Kubogy — bu Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) ýolbaşçylygynda geçirilýän Aziýanyň futbol boýunça milli ýygyndylarynyň esasy ýaryşydyr.
ORIENT habarlar








