HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: dizel ýangyjy, uçar kerosini we tebigy gazdan alnan benzin ýokary islege eýe boldular

Maý 05, 2023 | 17:56 |9316
3-4-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $70 mln amerikan dollaryna deň bolan 22 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.3-4-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $70 mln amerikan dollaryna deň bolan 22 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

3-4-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $70 mln amerikan dollaryna deň bolan 22 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Çarşenbe güni Owganystandan gelen telekeçiler Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň 1 müň tonnasyny (her tonnasynyň bahasy - $614,75 amerikan dollary) $614,7 müň amerikan dollaryna we ТС-1 kysymly uçar kerosininiň 5 müň tonnasyny (her tonnasynyň bahasy- $638,25 amerikan dollary) $3,1 mln amerikan dollaryna satyn aldylar.

Penşenbe güni BAE-niň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri ТС-1 kysymly uçar kerosinine $616,50 amerikan dollary baha berdiler. Olar bu önümiň 30 müň tonnasyny $18,4 mln amerikan dollaryna satyn aldylar.

Gonkongdan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler EKO-93 kysymly awtoulag benzininiň 70 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna $679,50 amerikan dollary baha berdiler. Geleşikleriň jemi bahasy $47,5 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Türkiýeden gelen telekeçiler söwdalaşyklaryň barşynda 770 müň kg nah ýüplügi $1,6 mln amerikan dollaryna satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026