Türkmenistan we Philips kompaniýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow iň täze lukmançylyk enjamy bilen tanyşmak üçin Philips kompaniýasynyň innowasion merkezine baryp gördi. Ol ýerde diplomatik wekilhananyň baştutany kompaniýanyň wise-prezidenti Ýan-Will Şeýgrond bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmen diplomaty we kompaniýanyň dolandyryş geňeşiniň agzasy hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli gepleşikleri geçirdiler. Bu jähtde Philips enjamynyň Daşoguz welaýatynda işe girizilendigini belläp geçmelidiris – diýip, ýurdumyzyň Brýusseldäki ilçihanasy habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda Sapar Pälwanow kompaniýanyň ýolbaşçylaryny döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşmaga çagyrdy, ol şäheriň saglyk edaralary hem Philips kompaniýasynyň öndürýän enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Ol şeýle hem taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi.
Gezelenjiň barşynda diplomatik wekilhananyň baştutanyna saglygy goraýyş babatyndaky iň täze tehnologiýalar we hassanyň saglyk ýagdaýy barada maglumatlary işlemäge we keseliň kesgitlemesini anyklamak boýunça öz maslahatlaryny bermäge ukyply bolan emeli intellektiň işlenip düzülmegi baradaky maglumat hödürlendi.
Ilçi kompaniýanyň lukmançylyk babatynda Türkmenistanyň ynamly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşy hökmünde özüni tanadandygyny sözüniň üstüne goşdy.
ORIENT habarlar








