BSGG-nyň bilermenleri COVID-19 pandemiýasy sebäpli ADÝ düzgüniniň bes edilme mümkinçiliklerine garaýarlar


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri COVID-19 bilen baglanyşykly bütindünýä adatdan daşary ýagdaýynyň bes edilme mümkinçiliklerine garaýarlar.
Şeýlelikde, BSGG ýurtlara pandemiýany gaýragoýulmasyz ýagdaýda dolandyrmakdan onuň öňüni almak we oňa garşy göreşmäge geçmäge kömek etmek üçin koronawirusa garşy göreşmekde özüniň täze strategiýasyny hödürledi.
2022-nji ýylda çap edilen hereketleriň öňki meýilnamasynda iki sany strategiki maksat bellenýärdi: SARS-CoV-2 -niň dolanyşygyny kemeltmek, şeýle hem ölümi, kesellemegi we onuň bilen bagly netijeleri azaltmak maksady bilen, koronawirusy barlag etmek we bejermek.
«Täze strategiýa bu iki maksady saklap galýar we üçünjini goşýar: adatdan daşary ýagdaýlara jogap gaýtarmakdan COVID-19 keseline garşy uzak möhletleýin durnukly tejribä, gözegçilige we keseli alyp barmaklyga geçmekde ýurtlara goldaw bermekdir» - diýip, BSGG-nyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus startegiýany hödürlemek bilen beýan etdi.
ORIENT habarlar








