HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy ulag taslamalarynyň maliýeleşdirilişi barada çykyş etdi

Maý 04, 2023 | 22:51 |16256
Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy Ýol-ulag kodeksiniň işlenip taýýarlanmagyny, pudaga Ähliumumy üstaşyr resminamasy ýaly sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyny, ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy we giňeltmegi göz öňünde tutýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy Ýol-ulag kodeksiniň işlenip taýýarlanmagyny, pudaga Ähliumumy üstaşyr resminamasy ýaly sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyny, ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy we giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy Ýol-ulag kodeksiniň işlenip taýýarlanmagyny, pudaga Ähliumumy üstaşyr resminamasy ýaly sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyny, ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy we giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen ulag we üstaşyr geçelgeler boýunça halkara maslahatda eden çykyşynda ýurduň ulag pudagyndaky taslamalaryň maliýeleşdirilişi barada gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, döwlet serişdeleriniň hasabyna alty sany halkara howa menziliniň, Türkmenbaşy şäherinde deňiz portunyň we gämi gurluşyk kärhananyň, awtoýollaryň, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüsiniň gurluşygy; awtoulaglary we uçarlary, nebit tankerlerini we ş.m. satyn almak ýaly işler amala aşyryldy. Häzirki wagtda Garabogaz aýlagynyň üstünden awtoulag köprüsini gurmak, Airbus ýük uçarlaryny satyn almak ýaly taslamalar dowam edýär.

Bankyň başlygy Türkmenabat-Aşgabat-Türkmenbaşy awtoulag ýolunyň dowam etdirilýändigini aýratyn belläp geçdi. Taslamanyň birinji bölegi, ýagny Türkmenabat-Aşgabat aralygy eýýäm tamamlandy. Bu 2021-nji ýylyň iýunynda kabul edilen kanuna laýyklykda döwlet-hususy (DHH) hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirilýän ilkinji taslamadyr.

DHH ýola goýmak tapgyrynda döwlet taslamanyň maliýeleşdirilmegini öz üstüne alan bolsa-da, ilkinji gezek şeýle uly desganyň durmuşa geçirilmegi, geljekde ulanylmagy we dolandyrylyşy milli hususy kompaniýalaryň konsorsiumyna ynanyldy. DHH-nyň formalary we mehanizmleri kämilleşdigiçe, döwlet hususy pudak tarapyndan maliýeleşdirilmä has köp bil baglar – diýip, Jepbarow sözüniň üstüni ýetirdi.

внешэкономбанк.jpg

Şeýle hem, ol halkara maliýe guramalarynyň we edaralarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen birnäçe taslamalary sanap geçdi.

Mysal üçin, Aziýa Ösüş Bankynyň 125 million dollarlyk we Yslam Ösüş Bankynyň 371 million dollarlyk maliýe goldawy bilen, uzynlygy 724 km bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygy amala aşyryldy. YÖB 42 million dollarlyk üç sany nebit tankeriniň satyn alynmagyny maliýeleşdirdi. Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy (JICA) Aşgabatdaky lokomotiw deposyny döwrebaplaşdyrmak üçin 40 million dollara barabar ýeňillikli karz berdi. Hytaýyň Eksport-import banky dizel teplowozlary we ýolagçy wagonlary üçin 95 million dollara barabar mukdarda pul serişdesini geçirdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hasabyna (80 million dollar möçberinde) we Abu Dabiniň Ösüş Gaznasynyň 75 million dollarlyk maliýe goldawy bilen Jebel şäherinde halkara howa menziliniň gurluşygy amala aşyrylýar.

2021-nji ýylyň dekabrynda Tokionyň (Ýaponiýa) ING Banky bilen şäher jemgyýetçilik ulagynyň ösüşi üçin Türkmenistana “Toyota” kysymly awtoulaglary satyn almagy maliýeleşdirmek maksady bilen 20 million dollar möçberinde karz ylalaşygy baglaşyldy. Jepbarow bu hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine ynam bildirdi.

“Balkan” gämi gurluşyk kärhanasynda «Ro-Ro» görnüşli iki gäminiň we bir sany ýük gämisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda YÖB bilen 90 million dollarlyk we OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy bilen 40 million dollarlyk ylalaşyk baglaşyldy.

1.JPEG

Jepbarow sözüni dowam etdirip, BAE-niň port dolandyrylyşy we olary sanlylaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen AD Ports Group (Abu Dabi) arasynda Türkmenistanyň hususy böleginiň gatnaşmagynda bilelikdäki ulag we logistika kompaniýasyny döretmek barada gepleşikler geçirilýär.

Häzirki we geljekdäki taslamalar barada durup geçen Rahymberdi Jepbarow sebitiň beýleki ýurtlarynyň gyzyklanma bildirýän Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman üstaşyr ulag geçelgesiniň taslamasyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy hususy maýadarlary, halkara maliýe ösüş institutlaryny we beýleki maliýe guramalaryny gadymy Ýüpek ýolunyň merkezi bolan Türkmenistanda ulag taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026