HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň demir ýollary Türkmenistana ýük daşamagyň mukdaryny 73 göterim, üstaşyr geçişini bolsa 3,5 esse artdyrdy

Maý 04, 2023 | 01:31 |11039
«Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen güýçli, uzak möhletli we dowamly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris», - diýip «RŽD» AGPJ-yň baş müdiriniň birinji orunbasary Sergeý Pawlow aýtdy. Ol Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýul aýynda Russiýa Federasiýasyna eden saparynyň bu gatnaşyklara güýçli itergi berendigini nygtady.«Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen güýçli, uzak möhletli we dowamly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris», - diýip «RŽD» AGPJ-yň baş müdiriniň birinji orunbasary Sergeý Pawlow aýtdy. Ol Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýul aýynda Russiýa Federasiýasyna eden saparynyň bu gatnaşyklara güýçli itergi berendigini nygtady.
Çeşme: orient.tm

«Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen güýçli, uzak möhletli we dowamly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris», - diýip «RŽD» AGPJ-yň baş müdiriniň birinji orunbasary Sergeý Pawlow aýtdy. Ol Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýul aýynda Russiýa Federasiýasyna eden saparynyň bu gatnaşyklara güýçli itergi berendigini nygtady.

1.JPEG

Pawlow Aşgabatda ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça geçirilen halkara konferensiýada çykyş edip, syýasat resminamalarynyň çäginde bilelikdäki işleriň hatarynda Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça daşamalaryň ösüşini, infrastruktura taslamalaryny, işgärleri taýýarlamak we pudagyň sanly özgerişleri boýunça işleri atlandyrdy.

Mysal hökmünde, Gyzylarbatda wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça synag taslamasyny agzady. Bu meseläniň çözgüdi bu kärhananyň kuwwatyny birnäçe gezek ýokarlandyrmaga we häzirki zaman derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.

2.JPEG

Şeýle hem, Russiýanyň demir ýollary elektrikleşdirmek, sebitdäki ýolagçy otlusynyň tizligini ösdürmek üçin birnäçe taslamany teklip edýär, ähli işewürlik işlerini awtomatlaşdyrmak we Türkmen demir ýollaryny sanlaşdyrmak boýunça teklipler işlenip düzülýär.

Geçelgeler barada aýdyp, Sergeý Pawlow Russiýa Federasiýasynyň Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça daşary söwda daşamalarynyň geçen ýylda 62 göterim, 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 70 göterim ýokarlandygyny belledi.

3.JPEG

Şeýle hem, onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde Russiýadan Türkmenistana ýük daşamagyň mukdarynyň 73 göterim ýokarlanandy. Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr daşamalar 3,5 esse ýokarlandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026